Ï Türkmenistany ösdürmegiň giň möçberli maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistany ösdürmegiň giň möçberli maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 2841
Türkmenistany ösdürmegiň giň möçberli maksatnamalaryny durmuşa geçirmegiň wezipeleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň birnäçesiniň, degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň» hem-de «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» ýerine ýetirilişi we bu babatda öňde durýan wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gahryman Arkadagymyz milli ykdysadyýetimiziň yzygiderli döwrebaplaşdyrylýandygyny, ähli ugurlar boýunça uly üstünlikleriň gazanylýandygyny, şunuň bilen baglylykda, dünýä bileleşiginde Türkmenistanyň tutýan ornunyň berkeýändigini belledi. Ýurdumyzda jemi içerki önümiň ösüş depgininiň durnukly ýagdaýda saklanmagy Watanymyzyň dünýä ýurtlarynyň hatarynda öňdäki orunlara çykmagyny şertlendirýär.

Iş maslahatynyň dowamynda oňa gatnaşanlar gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işleriň ýagdaýy we pudaklaryň öňünde durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek ugrunda amala aşyrylýan çäreler barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanda durmuşa geçirilýän netijeli özgertmeler döwletimiziň sazlaşykly ösüş ýoluna düşmegini üpjün etdi. Şunda ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlyk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli amala aşyrýandygy bellenildi.

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyna», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, sarp ediş bazarlarynda harytlaryň görnüşleriniň artdyrylmagy, bölek-satuw haryt dolanyşygynyň möçberiniň köpeldilmegi hem-de bu ugra degişli önümçiligiň umumy möçberinde azyk däl harytlaryň paýynyň ýokarlanmagy bilen baglanyşykly meselelere möhüm ähmiýet berilýär. Soňky ýyllarda ýurdumyzyň gurluşyk we senagat toplumyna degişli düzümleriň sazlaşykly ösüşiniň üpjün edilmegi ugrunda toplumlaýyn işler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, senagat we gurluşyk ulgamlarynda, ykdysadyýetiň beýleki pudaklarynda sanly tehnologiýalaryň ulanylmagyna, önümçilige täzeçil usullaryň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berilýär.

Garaşsyz Watanymyzyň gazanýan ägirt uly üstünliklerini, türkmen halkynyň şöhratly taryhyny, milli däp-dessurlaryny dünýäde wagyz etmek meseleleri üns merkezinde saklanýar. Şunuň bilen baglylykda, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini kämilleşdirmek, oňa sanly ulgamy giňden ornaşdyrmak we bu ugurda dünýäniň ösen tejribesini özleşdirmek zerur bolup durýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow häzirki döwürde tutuş ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösdürmegiň, paýtagtymyzyň hem-de welaýatlaryň durmuş-ykdysady taýdan ösüş depginlerini ýokarlandyrmagyň, milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmagyň möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendigini belledi. Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine, hemişelik Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasaty dünýäniň gyzyklanma bildirýän döwletleri we abraýly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam berýär.

Ýurdumyzda ykdysady ösüşi we ilatyň durmuş taýdan goraglylygyny üpjün etmekde býujet-salgyt syýasatyna wajyp ornuň degişlidigini bellemek gerek. Onuň netijeli durmuşa geçirilmegi ýurtda maliýe taýdan durnukly ösüşi üpjün etmäge, durmuş-ykdysady ösüş üçin maliýe höweslendirmelerini döretmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Gahryman Arkadagymyz bu barada aýtmak bilen, «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyndan», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan» gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşiniň kepilidigini belledi.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň düzümlerini sazlaşykly ösdürmek, oba hojalygyny ýokary girdejili pudaklaryň birine öwürmek, oba hojalyk önümleriniň öndürilýän möçberini we görnüşlerini artdyrmak arkaly bu önümleriň daşary ýurtlardan getirilýän möçberini azaltmak, iň esasysy bolsa, halkymyzyň azyk önümlerine bolan isleglerini kanagatlandyrmak möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenildi. Ýurdumyzda syýasy durnuklylygyň berkarar bolmagy Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan esasy üstünlikleriň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda alnyp barylýan durnukly ösüş strategiýasy maksatnamalaýyn esasda amala aşyrylýar. Bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek bilen bir hatarda, halkymyzyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny şertlendirýär.

Kabul edilen döwlet maksatnamalaryna laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly hem-de durnukly ösüşiniň üpjün edilmegine, azyk howpsuzlygynyň berkidilmegine, döwlet maýa goýum syýasatynyň ösdürilmegine, bäsdeşlige ukyply ösen ykdysadyýetiň kemala getirilmegine, ykdysadyýeti sanlylaşdyrmagyň ugurlarynyň kesgitlenilmegine aýratyn orun degişli bolup durýar. 2022 — 2052-nji ýyllarda Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň strategiýasynyň sazlaşykly ykdysady ösüşi üpjün etmäge, döwlet dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilendigini belläp, Gahryman Arkadagymyz ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagyny dowam etdirmegiň, ýokary tehnologik önümçiligiň ykdysady ösüşe goşandyny artdyrmagyň, pudaklary sanlylaşdyrmagyň, makroykdysady we maliýe durnuklylygyny saklamagyň wajypdygyna ünsi çekdi.

Milli ykdysadyýetiň mundan beýläk-de innowasion we senagat taýdan ösmeginde hususyýetçilige möhüm ornuň degişlidigini aýdyp, hormatly Arkadagymyz ýurduň jemi içerki önüminde döwlete dahylsyz bölegiň paýynyň artýandygyny belledi. Dünýä ykdysadyýetiniň çalt depginler bilen özgerýän şertlerinde pudaklaryň köpugurly esasda ösüşine zerur üns berilmelidir. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň öňe sürýän beýik başlangyçlary hem-de asylly maksatlara daýanýan giň möçberli özgertmeler döwlet Garaşsyzlygymyzyň esaslaryny pugtalandyrmak bilen bir hatarda, ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün edýär diýip, Gahryman Arkadagymyz nygtady.

Hormatly Arkadagymyz iş maslahatyna gatnaşyjylary ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady hem-de baýramçylyk çäreleriniň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş maslahatyny jemläp, oňa gatnaşanlara Watanymyzyň abadançylygynyň, halkymyzyň rowaçlygynyň, parahatçylygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.