Serdar BERDIMUHAMEDOW,
Türkmenistanyň Prezidenti.
Ozaly bilen, Hytaý Halk Respublikasyna döwlet saparymyň öň ýanynda öz sahypalarynda çykyş etmäge teklibi üçin “Ženmin Žibao” gazetiniň ýolbaşçylaryna minnetdarlyk bildirmek isleýärin. Şeýle abraýly hem-de hormatly neşiriň millionlarça okyjylaryna ýüzlenmek mümkinçiligi örän möhüm ähmiýete eýe bolup, munuň özi iki ýurduň arasyndaky özara düşünişmegiň, türkmen-hytaý dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam berer.
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklar köpýyllyk taryha uzaýar. Şol döwrüň dowamynda biziň halklarymyzyň arasynda birek-birege goldaw bermek, medeniýetlerimiziň, däp-dessurlarymyzyň, dünýägaraýyşlarymyzyň özara ýakynlaşmagy bolup geçdi. Biziň ýurtlarymyzy birleşdirýän Beýik Ýüpek ýoly özara bähbitli söwda dolanyşygy bolmak bilen çäklenmän, eýsem, ösüş gatnaşyklarynyň özboluşly köprüsine öwrüldi. Şunda biziň gatnaşyklarymyzyň taryhyna häzirki döwrüň nukdaýnazaryndan garamak bilen, ol iki ýurduň halklarynyň ykbalynda ägirt uly oňyn tejribe boldy diýip hasaplaýaryn. Şol ýörelgeleriň mirasdüşerleri hem-de olary mynasyp dowam etdirijiler hökmünde biz gatnaşyklarymyzyň dowamatlylygyny, ösüşini, özara baýlaşdyrylmagyny üpjün edýäris.
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky häzirki gatnaşyklar giň gerimli hem-de köpugurlydyr. Ol esasy ulgamlaryň ählisini — syýasat, ykdysadyýet, söwda, medeniýet, ylym we bilim ulgamlaryny öz içine alýar. Netijeli işlenip taýýarlanylan hökümetara hyzmatdaşlygyň gurallary hereket edýär. Ikitaraplaýyn hukuk binýadynyň toplumy döredildi, parlament we partiýa ugurlary boýunça, telekeçilik düzümleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet we ylym işgärleriniň arasynda gatnaşyklar üstünlikli alnyp barylýar. Iki döwletiň we halkyň özara gatnaşyklary ösdürilýär, onýyllyklary nazarlaýan türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň ygtybarly binýady goýulýar. Şulary nazara almak bilen, elbetde, duşuşygyň dowamynda HHR-iň Başlygy hem-de Hytaýyň beýleki ýolbaşçylary bilen hem ara alyp maslahatlaşmak üçin mesele köpdür. Iň esasysy bolsa, şol meseleleriň ählisi oňyn häsiýete eýedir. Şunda özara düşünişmek, ynanyşmak, deňhukuklylyk we hormat goýmak iki tarapyň hem garaýyşlarynyň esasyny düzýär.
Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygy uzak möhletleýin häsiýete eýe bolup, biziň ýurtlarymyzyň 2013-nji ýylda gol çeken strategik hyzmatdaşlygy ýola goýmak barada bilelikdäki Jarnama laýyklykda guralýar. Bu bolsa şol gatnaşyklaryň halkara ýagdaýlara, döwre ýa-da aýry-aýry şertlere bagly däldigini alamatlandyrýar.
Daşary syýasatda Türkmenistanyň we Hytaýyň ählumumy durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meselelerine, syýasy, milli, dini ekstremizme, separatizme, terrorçylyk wehimlerine garşy durmakda çemeleşmeleri ýakyndyr ýa-da gabat gelýär. Ýurtlaryň ikisi hem halkara gatnaşyklarda deňhukuklylyk we adalatlylyk, Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagy ugrunda çykyş edýärler, ählumumy wehimlere netijeli garşy durmak boýunça dünýä bileleşiginiň tagallalaryny goldaýarlar. Şunuň bilen baglylykda, dünýä giňişliginde biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky gatnaşyklara mahsus bolan özara düşünişmegiň hem-de goldawyň ýokary derejesi türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň möhüm şerti bolup durýar. Binýatlaýyn gymmatlyklaryň, dünýägaraýyşlaryň, maksatlaryň, wezipeleriň ýakynlygy iki ýurda iri halkara guramalaryň, ozaly bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde üstünlikli hyzmatdaşlyk etmäge, birek-birege goldaw bermäge, oňyn başlangyçlaryň ilerledilmegi hem-de amala aşyrylmagy üçin syýasy-diplomatik tagallalary utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Biz Hytaýyň Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesine hem-de ýurdumyzyň bu derejä esaslanýan daşary syýasat ugruna hormat goýýandygyna ýokary baha berýäris. Öz nobatynda, Türkmenistan hytaýly hyzmatdaşlarymyz üçin möhüm bolan meselelere, şol sanda Hytaý Halk Respublikasynyň çäk bitewüligine hem-de jebisligine dahylly ýagdaýlara öz garaýyşlaryny hemişe anyk we kesgitli beýan edýär, “Bitewi Hytaý” syýasatyna berk eýerýär.
Merkezi Aziýadaky ýagdaýy ara alyp maslahatlaşmak türkmen-hytaý gepleşikleriniň gün tertibinde aýratyn orny eýeleýär. Şunda iki ýurduň garaýyşlary ýakyndyr. Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasy sebitde ýüze çykýan meseleleriň çözgüdine syýasy we diplomatik usullar arkaly çemeleşmek bilen, köptaraplaýyn bähbitleriň deňeçerligine esaslanýan berk we uzak möhletleýin howpsuzlyk ulgamynyň döredilmegi ugrunda çykyş edýärler. Biziň döwletlerimiz bu işlere uly goşant goşmak arkaly dünýä bileleşiginiň jogapkärli agzalary hökmünde öz garaýyşlaryny öňe sürýärler.
Söwda-ykdysady gatnaşyklar barada aýdylanda, haryt dolanyşygynyň möçberiniň yzygiderli artýandygyndan başga-da, hytaý kompaniýalarynyň türkmen bazaryndaky işjeňligi düýpli äşgärdir. Hytaý häzirki wagtda Türkmenistanyň iň iri ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşydyr. Türkmenistan bilen Hytaý energetika, ulag, aragatnaşyk, himiýa senagaty, dokma senagaty, oba hojalyk pudagy, lukmançylyk, ýokary tehnologiýalar ulgamlarynda hyzmatdaşlyk edýärler. Häzirki wagtda taraplar aragatnaşyk, ýurdumyzyň telekommunikasiýa, hemra aragatnaşyk hyzmatlaryny döwrebaplaşdyrmak ulgamynda taslamalary durmuşa geçirmek ugrunda tagalla edýärler. Uzak aralykdan dolandyrylýan hemra ulgamlarynyň mümkinçilikleri hem-de olary ulanmagyň usullary öwrenilýär.
Ýangyç-energetika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy aýratyn bellemek gerek. 2009-njy ýylyň ahyrynda ulanmaga berlen Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi Aziýa yklymynda amala aşyrylan iň iri bilelikdäki energetika taslamasyna öwrüldi. Häzirki wagta çenli bu gaz geçiriji boýunça Hytaýa 350 milliard kub metrden gowrak tebigy gaz iberildi. Munuň özi aňrybaş çäk däldir. Bu gaz geçiriji iki ýurduň ýolbaşçylarynyň energetika babatda ählumumy meseleleriň oňyn çözgüdine syýasy taýdan jogapkärçilikli, oýlanyşykly, ykdysady babatda öňdengörüjilikli çemeleşmeleriniň aýdyň nusgasydyr. Şunuň bilen baglylykda, Hytaý Halk Respublikasynyň energetika serişdelerini ibermegiň ygtybarly goraglylygyny hem-de howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça halkara mehanizmleri döretmek ugrunda Türkmenistanyň başlangyçlaryny yzygiderli goldaýandygyny we netijeli ýardam bermegini dowam etdirýändigini bellemek gerek. Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň taslamasynyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň halkara energetika hyzmatdaşlygynyň geljekki gurluşynyň nusgasyna öwrülýändigine berk ynanýaryn. Bu taslamanyň amala aşyrylmagynyň Aziýa yklymyndaky umumy ýagdaýa oňyn täsirini ýetirýändigi hem örän möhümdir. Munuň özi durnuklylygyň we howpsuzlygyň möhüm şerti bolmak bilen, yklymda syýasy we ykdysady gatnaşyklaryň tutuş ulgamyna goşmaça durnuklylyk häsiýetini berýär.
Ulag we kommunikasiýalar ulgamynyň ösdürilmegine Hytaý bilen hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugry hökmünde garaýarys. Ählumumy goşulyşmak şertlerinde ulag gatnawlarynyň kämilleşdirilmegi, üstaşyr geçelgeleriň döredilmegi barha uly ähmiýete eýe bolup, ol dünýä ykdysadyýetiniň ösüşiniň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň we Hytaýyň bilelikdäki ulag strategiýasyny kemala getirmek üçin ähli mümkinçilikleriniň hem-de şertleriniň bardygyna ynanýaryn. Bilelikdäki geografik, serişde, ykdysady kuwwatyň, harytlary ýerlemegiň täze ugurlaryna çykmak üçin artykmaçlyklaryň peýdalanylmagy bu strategiýanyň esasyny düzýär.
Türkmenistanyň we Hytaýyň, ähli gyzyklanma bildirýän döwletleriň hem-de halkara guramalaryň gatnaşmagynda Gündogar — Günbatar Ýewraziýa üstaşyr ulag ugrunyň ýola goýulmagy yklymyň ykdysadyýeti üçin hakyky zerurlykdyr. Onuň durnukly we uzak möhletleýin ösüşi diňe bir ykdysady babatda däl-de, syýasy babatda hem bähbitleriň durnukly deňeçerliginiň saklanmagynyň möhüm şertidir. Şunda HHR-iň wekiliýetleriniň soňky ýyllarda üstaşyr ulag geçelgeleriniň halkara hyzmatdaşlygy we durnukly ösüşi üpjün etmekdäki ornuna bagyşlanan halkara forumlara işjeň gatnaşýandygyny minnetdarlyk bilen bellemek isleýärin. Şu nukdaýnazardan, Hytaýyň “Bir guşak, bir ýol” başlangyjynyň Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek” strategiýasy bilen dünýägaraýyş we amaly nukdaýnazaryndan ýakyndygyny hem-de sazlaşýandygyny nygtamak gerek. Bu başlangyçlaryň ikisi-de häzirki zaman şertlerinde Ýuwaş ummandan Atlantik ummana çenli ägirt uly giňişlikleriň arasynda amatly ulag geçelgeleriniň döredilmegine, özara baglanyşykly önümçilik we tehnologik ulgamlaryň hem-de senagat guşaklyklarynyň kemala getirilmegine, durmuş ugurly köp sanly meseleleriň çözülmegine, halklaryň durmuş we abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilendir.
Häzirki wagtda biz Hytaý bilen parahatçylyk maksatlarynda kosmos giňişligini öwrenmek we peýdalanmak ýaly ugurda hyzmatdaşlygyň ýene-de bir ulgamyny açýarys. Biz üçin täze ugur bolan bu pudagy döretmäge ýardam berýändigi üçin hytaý tarapyna minnetdarlyk bildirýäris. Bu pudagyň ylymda we tehnikada häzirki zaman dünýäsiniň gazananlaryny Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň hem-de ýurdumyzyň howpsuzlygyny pugtalandyrmagyň bähbidine üstünlikli ulanmaga mümkinçilik berer diýip umyt edýäris.
Strategik hyzmatdaşlygyň häzirki tapgyrynda Türkmenistanyň we Hytaýyň welaýatlarynyň, iki ýurduň şäherleriniň arasynda göni gatnaşyklaryň we hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyny goldaýarys. Şandun welaýatynyň hem-de Lebap welaýatynyň, Sian we Mary şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagy baradaky gol çekilen ylalaşyklar munuň aýdyň mysalydyr. Munuň özi döwletara hyzmatdaşlygyň geriminiň we görnüşleriniň giňelýändiginiň, söwda, ykdysady, medeniýet ulgamlarynda, halk diplomatiýasy ugrunda hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna we çuňlaşdyrylmagyna iki ýurduň subýektleriniň has işjeň gatnaşýandyklarynyň subutnamasydyr.
Ynsanperwer ulgamda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň işjeň we netijeli ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belleýäris. Munuň özi, ozaly bilen, bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga degişlidir. Häzirki wagtda eýýäm ýüzlerçe däl-de, müňlerçe türkmen talyby Hytaýda ýokary bilim aldylar we alýarlar. Türkmenistanlylaryň bu nesli iki halky hem-de döwleti has-da ýakynlaşdyrmak, gözbaşyny gadymy döwürlerden alyp gaýdýan gatnaşyklary gaýtadan dikeltmek ugrunda asylly işleri dowam etdirijilerdir. Biz Hytaýyň Hökümetine ýaşlarymyza diňe bir hytaý dilini öwretmek üçin däl-de, dürli hünärler boýunça dünýä derejesinde ýokary bilim almaga döredilen mümkinçilik üçin minnetdardyrys.
Geljek ýylda Türkmenistanda hem-de onuň çäklerinden has alyslarda beýik türkmen şahyry, akyldary we filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden belleniler. Biz bu şanly sene mynasybetli dabaralaryň birnäçesiniň Hytaýda guraljakdygyna umyt edýäris. Şeýle hem bu dostlukly ýurt özüniň beýik akyldarlary Konfusini, Lao Szyny we beýlekileri belentden sarpalaýar.
Makalamy jemlemek bilen, 2022-nji ýylyň oktýabr aýynda bolup geçen taryhy ähmiýetli wakany — Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň XX gurultaýyny ýatlamak isleýärin. Bu syýasy çäre ählumumy parahatçylygy, durnuklylygy we howpsuzlygy gorap saklamak we üpjün etmek, döwletara gatnaşyklarda deňhukuklylyk, adalatlylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerini berkarar etmek ugrunda Hytaýyň alyp barýan syýasatynyň üýtgewsizdigini tassyklady. Munuň özi Hytaý Halk Respublikasy bilen strategik hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen saýlap alan ugrumyzyň dogrudygyna has uly ynam döredýär, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň täze giň gözýetimlerini açýar. Hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ägirt uludyr hem-de biz beýik döwlet bolan Hytaý bilen egin-egne berip, şol mümkinçilikleri biziň halklarymyzyň dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň, parahatçylygyň, gülläp ösüşiň bähbidine gönükdirmäge berk ygrarlydyrys.
05.01.2023ý.