Türkmenistanyň Prezidenti Serdar BERDIMUHAMEDOW:
— Türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri ägirt uludyr hem-de biz beýik döwlet bolan Hytaý bilen egin-egne berip, şol mümkinçilikleri halklarymyzyň dost-doganlyk we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmagyň, parahatçylygyň, gülläp ösüşiň bähbidine gönükdirmäge berk ygrarlydyrys.
Beýik Ýüpek ýoly! Geçmişde Gündogaryň hem Günbataryň siwilizasiýalaryny baglanyşdyran, ýurtlarydyr halklary birek-birege ýakynlaşdyran, medeniýetleriň özara baýlaşmagyna täsirini ýetiren meşhur söwda ýoly! Gadymy Hytaýyň paýtagty bolan Sian şäherinden gözbaş alyp, Türkmenistanyň hem köp şäherleriniň üstünden geçen bu ýol adamzat taryhynda gaýtalanmajak fenomene öwrüldi. 3100 ýaşly Sian şäheri bolsa dürli döwürlerde hytaý nesilşalyklarynyň 13-siniň paýtagty bolmak bilen, 1100 ýyldan gowrak wagtlap Beýik Ýüpek ýolunyň başlanýan nokady bolup hyzmat etdi. Bu gün dünýäniň ünsi ýene-de şu gadymy sebitde jemlenýär. 18-19-njy maýda möhüm syýasy wakanyň — «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitiniň geçiriljek ýeri hökmünde hem Sian şäheriniň saýlanyp alynmagy özboluşly mana eýedir. Şol günlerde dostlukly döwletleriň altysynyň Liderlerini bir meýdançada jemlejek bu duşuşykda gadymy Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek, hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygyň çarhyna goşmaça bat bermek bilen bagly wajyp pikirler öňe sürler, anyk teklipler beýan ediler.
«Merkezi Aziýa — Hytaý» sammiti — hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna badalga
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: «Gadymy Hytaýyň paýtagty bolan Sian şäherinden gözbaş alyp biziň ýurdumyzyň çäginden geçen Beýik Ýüpek ýoly asyrlaryň dowamynda diňe bir söwda ýoly bolmak bilen çäklenmedi. Ol medeniýetleri birleşdirdi, halklaryň arasyndaky beýik medeni hem-de ynsanperwer alyş-çalyşlary şertlendirdi, olaryň ýakynlaşmagynda we birek-birege düşünişmeginde möhüm orny eýeledi» diýen jümleleri Beýik Ýüpek ýolunyň diňe bir geçmişdäki taryhy ähmiýetini däl, eýsem, häzirki günlerdäki gymmatyny hem gysgadan düşnükli açyp görkezýär. Hut şu söwda ýoly köp müňýyllyk taryhda bolşy ýaly, ösüşiň täze tapgyrynda-da Merkezi Aziýa döwletleriniň we Hytaýyň hakyky goňşulara, hakyky dostlara hem hyzmatdaşlara öwrülmeginiň binýadyny goýdy diýsek, ýalňyşmasak gerek. Birek-biregi hormatlamak, hoşniýetli goňşuçylyk, hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan bu alty ýurduň özara gatnaşyklary «altyn otuz ýyllyk» diýlip atlandyrylýan döwri üstünlikli «ýaşady». Şoňa görä-de, Sianda «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda geçiriljek ýokary derejeli sammite sebit hyzmatdaşlygynyň taryhynda möhüm waka hökmünde garalýar. Onuň dowamynda gatnaşyklary ösdürmegiň täze meýilnamalary kesgitlenip, bilelikdäki hereketleriň täze tapgyryna badalga berler. Geçen döwürde toplanan oňyn tejribeleri nazara alyp, öňde boljak sammitiň ähmiýetine aýry-aýry ugurlar boýunça syn bermäge çalşalyň!
«Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitinde amaly hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmagyň täze gözýetimleri kesgitlener. Häzirki wagtda sebitiň dört döwleti — Gyrgyzystan, Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan Hytaý bilen hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy, Gazagystan bolsa hemişelik hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlygy ösdürýär. Munuň özi ýurtlarymyzyň özara hyzmatdaşlygynyň iň ýokary derejelerde ilerledilýändigine şaýatlyk edýär. Bu biziň döwletlerimiziň hem halklarymyzyň bähbitleri üçin oňyn netijeleriň gazanylmagyny şertlendirýär. Hytaý Merkezi Aziýa «bäşliginiň» iň iri söwda we maýa goýum hyzmatdaşlarynyň biri hasaplanýar. Resmi hytaý neşirlerinde 2022-nji ýylda bu alty ýurduň özara haryt dolanyşygynyň möçberiniň 70 milliard amerikan dollaryndan geçendigi mälim edilýär. Şu ýylyň ilkinji üç aýyndaky ýagdaýa görä, Hytaýyň Merkezi Aziýa döwletlerine goýan göni maýa goýumlarynyň möçberi 15 milliard amerikan dollaryna ýetdi. Hytaý Halk Respublikasynyň Söwda ministrligi geçen ýylda Merkezi Aziýadan Hytaýa iberilýän oba hojalyk, energetika, mineral önümleriniň möçberiniň 50 göterimden gowrak artandygyny, Hytaýdan maşyngurluşyk we elektron senagaty önümleriniň eksportynyň bolsa 42 göterim ýokarlanandygyny habar berýär. Diňe şu maglumatlar hem özara söwdanyň düzüminiň giňelip, möçberiniň yzygiderli artýandygyny görkezýär. Şu nukdaýnazardan, Sian sammitiniň dowamynda alty ýurduň Liderleri hyzmatdaşlygyň netijelerine syn berip, özara bähbitli, birek-biregiň üstüni ýetirýän gatnaşyklaryň täze nusgasyny döretmek boýunça täze başlangyçlary öňe sürerler.
«Merkezi Aziýa — Hytaý» sammiti «Bir guşak, bir ýol» taslamasynyň ýokary hilli amala aşyrylmagyna täze itergi berer. Mälim bolşy ýaly, 2013-nji ýylda HHR-iň Başlygy Si Szinpin Gazagystanda sapary wagtynda «Ýüpek ýolunyň ykdysady guşagy» atly başlangyjy öňe sürdi. Merkezi Aziýa ýurtlary bu başlangyjy ilkinjileriň hatarynda goldap, «Bir guşak, bir ýoluň» gurluşygy boýunça hyzmatdaşlyk edip başladylar. Geçen 10 ýylyň dowamynda bu alty döwlet agzalan taslamanyň çäginde öz ösüş strategiýalaryny kesgitläp, syýasy aragatnaşyklaryny berkitdiler, söwdanyň, maliýe taýdan goşulyşmagyň we adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň üznüksizligini üpjün etmegi başardylar.
Ýeri gelende, häzirki wagtda Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjy bilen Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasyny utgaşdyrmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny aýratyn nygtamak gerek. Häzirki zaman şertlerinde özara bähbitleriň bolmagy Türkmenistana we Hytaýa bu strategiýalary durmuşa geçirmegiň çäginde hyzmatdaşlygy üstünlikli ösdürmäge mümkinçilik berýär. Bularyň ikisi hem Ýuwaş ummandan Atlantik ummanyna çenli ägirt uly giňişlige döwrebap ýörelgelerde birleşdirip, Ýewraziýanyň ykdysady ösüşine güýçli itergi bermäge gönükdirilendir.
«Merkezi Aziýa — Hytaý» sammiti sebit howpsuzlygyny goldamaga goşant goşar. Häzirki halkara ýagdaýlaryň örän tiz üýtgäp-özgerip durýan şertlerinde Merkezi Aziýa döwletleri bilen Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklar tutuş sebitiň durnukly ösüşini üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Häzirki wagtda taraplar birek-biregiň milli bähbitlerden gelip çykýan ösüş ýollaryny doly goldaýarlar, ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, Merkezi Aziýa sebitinde durnukly ýagdaýy saklamak ugrunda çykyş edýärler. Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýylyň oktýabrynda abraýly neşirleriň biri bolan «Ženmin Žibao» gazetinde çap edilen makalasynda bu ugurda türkmen-hytaý gatnaşyklaryna ünsi çekip: «Türkmenistanyň we Hytaýyň başlangyçlary, ozaly bilen, syýasatdan uzakdaky, özlerine parahatçylyk, durnuklylyk, işlemek mümkinçiligi, asuda, parahat geljegiň kepili zerur bolan millionlarça ýönekeý adamlar baradaky alada ýugrulandyr. Meniň pikirimçe, biziň başlangyçlarymyzyň möhümdigi äşgärdir. Hytaý bilen bilelikde Türkmenistan hem häzirki wagtda bu düşünjeleriň halkara we sebit syýasatynda kesgitleýji ýagdaýlara öwrülmegi ugrunda çykyş edýär. Agzalan howply çäkden daşlaşmak üçin şertleri döretmek, gapma-garşylyklary we çaprazlyklary parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmek boýunça jogapkärli çözgütleri kabul etmek üçin mümkin bolan ähli çäreleri görýär» diýip belläpdi. Şunda bu işleriň deňhukuklylyk, taraplaryň kanuny bähbitlerine hormat goýmak ýörelgeleri esasynda alnyp barylýandygyny hem aýtmak gerek.
Türkmen halkynyň Milli Lideriniň syýasy tagallalary
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň çakylygy boýunça Hytaýyň Sian şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmagy hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylan türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň taryhynda täze sahypany açar diýip ynamly aýdyp bileris.
Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky häzirki gatnaşyklar giň gerimli hem-de köpugurlydyr. Ol esasy ulgamlaryň ählisini — syýasat, ykdysadyýet, söwda, medeniýet, ylym we bilim ulgamlaryny öz içine alýar. Şunda ösüşiň hil taýdan täze tapgyrynda türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny strategik derejä çykaryp, onuň has-da ilerledilmeginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallalaryna aýratyn orun degişlidir.
Milli Liderimiz «Ženmin Žibao» gazetiniň sahypalarynda Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmegiň barşy hem-de geljegi barada pikirlerini paýlaşanda: «Ýurtlarymyzy birleşdirýän Beýik Ýüpek ýoly diňe bir özara bähbitli söwda alyş-çalşygy üçin däl, eýsem, giň siwilizasion gatnaşyklar üçin hem köpri bolup hyzmat etdi. Şu nukdaýnazardan, gatnaşyklarymyzyň taryhyna şu günki ýagdaýdan baha bermek bilen, türkmenleriň we hytaýlylaryň ykbalynda ol uly orna eýe bolandyr diýip hasap edýärin» diýmek bilen, häzirki şertlerde şol pugta esasdaky bu özboluşly tejribäniň mirasdüşerleri we dowam etdirijileri hökmünde hyzmatdaşlygymyzy ösdürýändigimizi, çuňlaşdyrýandygymyzy, dowamatlylygyny üpjün edýändigimizi nygtady. Hormatly Arkadagymyzyň: «Bu gün Türkmenistan bilen Hytaý birek-birege ynanyşmagyň we düşünişmegiň gazanylan derejesine buýsanyp bilerler. Iki döwletiň arasyndaky gatnaşyklara, söz ulaltmazdan, nusga alarlyk diýmek isleýärin» diýen sözleri bolsa toplanan taryhy tejribä berlen ýokary bahadyr.
Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmäge çagyryşlar
Gahryman Arkadagymyz söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag, medeni-ynsanperwer ulgamlaryny türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitläp, köp ýyllaryň dowamynda bu babatda anyk teklipdir başlangyçlaryň ençemesi bilen çykyş edipdi. Şunda ulag ulgamyna aýratyn orun degişlidir. Çünki ulag ulgamy dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň durnuklylygyna we sazlaşyklylygyna gönüden-göni täsir edýän hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň amala aşyrylmagynda möhüm orny eýeleýän dünýä ykdysadyýetiniň esasy ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, halkara derejede täze, döwrüň isleg bildirýän möhüm başlangyçlaryna, şol sanda Türkmenistan tarapyndan işjeň öňe sürülýän Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek boýunça strategiýa hem-de Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» konsepsiýasyna özara goldaw berilýär. Bu taslamalar dürli yklymlaryň, ýurtlaryň arasyndaky ozal bar bolan söwda ýollaryny we ykdysady geçelgeleri kämilleşdirmäge, olaryň täzelerini kemala getirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda Türkmenistan we Hytaý ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek boýunça toplumlaýyn işleri alyp barýarlar, «Bir guşak, bir ýol» başlangyjyny hem-de «Beýik Ýüpek ýolunyň dikeldilmegi» strategiýasyny utgaşdyrmak boýunça tagalla edýärler. Bu başlangyçlaryň ikisi-de Ýewraziýada ykdysady ösüşe kuwwatly itergi berer we häzirki zaman şertlerinde Ýuwaş ummandan Atlantik ummanyna çenli ägirt uly giňişligi birleşdirip, özara baglanyşykly önümçilik we tehnologiýa ulgamlaryny, senagat guşaklyklaryny kemala getirer, köp sanly durmuş meseleleriniň oňyn çözülmegine, halklaryň ýaşaýyş hem-de abadançylyk derejesiniň ýokarlandyrylmagyna ýardam berer.
Bu günki gün Türkmenistan hyzmatdaşlar bilen bilelikde Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça utgaşykly görnüşli üstaşyr ulag hem-de logistika infrastrukturasynyň köpşahaly ulgamyny döredýär. Geljekde ol Hazar deňzi, Gara deňiz, Baltika deňzi sebitlerine çykýan üstaşyr geçelgeleri özünde jemlär. Munuň özi Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň bazarlaryna Merkezi Aziýanyň çäginden geçýän amatly guryýer ugruny açýar. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň şu ýylyň ýanwarynda Hytaýa amala aşyran ilkinji döwlet saparynyň çäginde gol çekilen Türkmenistanyň Hökümeti bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Hökümetiniň arasynda «Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden galkynyşy» we «Bir guşak, bir ýol» halkara başlangyçlarynyň arabaglanyşygy babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnamanyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi bolsa bu ugurda bilelikdäki işleri utgaşdyrmaga mümkinçilik berer.
Energetika — hyzmatdaşlygyň wajyp ugry
Häzirki wagtda tebigy gazyň baý gorlaryna eýe bolan Türkmenistan Aziýanyň we Ýewropanyň energetika bazarlaryny bu gymmatly harytlyk çig mal bilen üpjün etmek babatda uly işleri alyp barýar. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň «mawy ýangyjyň» gorlary boýunça dünýäde öňdäki orunlaryň birini eýelemegi hem muňa doly mümkinçilik berýär.
Şoňa görä-de, türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynda ýangyç-energetika pudagynyň ileri tutulýan ugur hasaplanmagy kanunalaýyk ýagdaýdyr.
2009-njy ýylyň ahyrynda Türkmenistan — Hytaý strategik gaz geçirijisiniň gurluşygynyň tamamlanyp, ulanmaga berilmegi biziň ýurtlarymyz üçin taryhy ähmiýete eýedir. Hytaýyň «Ženmin Žibao» gazetinde çap edilen makalasynda Gahryman Arkadagymyz bu taslamanyň amala aşyrylmagynyň deňhukuklylyga, ikitaraplaýyn artykmaçlyklara düşünmäge, gaz geçirijiniň işe başlamagy bilen açylan geljegi uly bolan ugurlary we mümkinçilikleri giň möçberde görmäge esaslanan hakyky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň aýdyň nyşany bolandygyny buýsanç bilen belledi.
Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisiniň üç şahasynyň (A, B we C) geçirijilik ukyby 55 milliard kub metre barabar bolup, bu gaz geçiriji türkmen tebigy gazynyň ýylda 40 milliard kub metrini ibermäge niýetlenendir. Şunda bu gaz geçirijiniň dördünji şahasyny gurmak babatda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi hem möhüm ähmiýete eýedir.
Hytaýyň Milli nebitgaz korporasiýasynyň (CNPC) «Bagtyýarlyk» şertnamalaýyn çäginde uglewodorod ýataklaryny senagat taýdan özleşdirmäge hem-de dünýäniň iň iri gaz ýataklarynyň biri bolan «Galkynyş» gaz känini özleşdirmegiň ilkinji tapgyrynyň taslamasyna işjeň gatnaşmagy gaz pudagynda netijeli hyzmatdaşlygyň anyk mysalydyr.
Şeýle hyzmatdaşlyk esasynda türkmen tebigy gazy Türkmenistan — Özbegistan — Gazagystan — Hytaý gaz geçirijisi arkaly dostlukly Hytaýa iberilýär. «Galkynyş» käniniň bu gaz geçirijiniň çig mal çeşmeleriniň esasylarynyň biri bolup hyzmat edýändigini aýtmak gerek. Onuň gorlary «Ýaşlar» we «Garaköl» ýataklary bilen bilelikde alnanda, 27 trillion kub metre golaý möçberde kesgitlendi. Bu ägirt uly gaz käniniň açylmagy ýurdumyzy tebigy gazyň gorlary boýunça dünýäde dördünji orna çykardy.
Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Mary welaýatynyň günortasynda ýerleşýän bu gaz käni türkmen geologlarynyň Garaşsyzlyk ýyllaryndaky iň uly açyşlarynyň biridir. Bu ýerde umumy kuwwaty ýylda harytlyk gazyň jemi 30 milliard kub metrine barabar bolan gazy kükürtden arassalaýjy we gazy taýýarlaýjy desgalaryň üçüsi işe girizildi. Olaryň gurluşygyna Hytaý Halk Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň kompaniýalary gatnaşdylar. Umumy meýdany 4 müň inedördül kilometrden hem köp bolan «Galkynyş» gaz käniniň birinji tapgyryndaky guýularyň her biri gije-gündizde ortaça iki million kub metre çenli tebigy gaz berýär.
Bu kuwwatly gaz känini özleşdirmek maksady bilen, hökümetara ylalaşyklara laýyklykda, Hytaýyň Döwlet ösüş banky tarapyndan «Türkmengaz» döwlet konsernine berlen karz serişdeleriniň dolulygyna gaýtarylmagy bolsa Türkmenistanyň öz üstüne alan borçnamalaryny ýerine ýetirmäge örän jogapkärçilikli çemeleşýändigini görkezýär.
Hytaýyň işewür toparlarynyň geljegi uly türkmen bazarynda orunlaryny berkitmäge çalyşýandyklaryna, ýurdumyzda amala aşyrylýan iri düzümleýin taslamalara işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny beýan etmeklerine energetika ulgamyndaky türkmen-hytaý hyzmatdaşlygynyň mundan beýläk-de ilerlediljekdiginiň nyşany hökmünde garamak mümkin. Çünki Türkmenistan tebigy gaza baý ýurt. Hytaýyň bazarynyň bolsa geljegi uly.
Umumy maksatlar, anyk wezipeler
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 5-6-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasyna ilkinji döwlet saparyny amala aşyrdy. Şu ýyl Hytaý bilen Türkmenistanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagyna 10 ýyl dolýar. 6-njy ýanwarda — iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 31 ýyllygynyň bellenilen gününde bolsa türkmen we hytaý Liderleri Pekinde gepleşikleri geçirip, özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny kesgitlediler, Hytaý Halk Respublikasynyň we Türkmenistanyň Bilelikdäki Beýannamasyna gol çekdiler hem-de hytaý-türkmen gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylýandygyny yglan etdiler. Munuň özi aýratyn mana eýedir.
2022-nji ýylda Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň Ählihytaý gurultaýy üstünlikli geçirilip, Hytaýyň köpmilletli halky häzirki zaman sosialistik döwletini gurmagyň ýolunda, döwrebaplaşdyrmagyň hytaý nusgasy arkaly milleti beýik özgertmelere tarap itermekde täze tapgyra gadam goýdy. Türkmenistan hem «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» atly täze döwre gadam basyp, Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny işläp taýýarlady. Diýmek, Hytaýyň we Türkmenistanyň birmeňzeş dünýägaraýşy, maksatlary hem-de gyzyklanmalarynyň galtaşýan nokatlary bar. Hormatly Prezidentimiziň Hytaýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň çygrynda hyzmatdaşlyk etmek, «ýaşyl» ösüş, sanly ykdysadyýet, saglygy goraýyş, medeniýet, sport, maglumat we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, şeýle-de gaz ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça resminamalaryň birnäçesine gol çekilmegi hem-de olaryň üstünlikli amala aşyrylmagy bolsa bilelikdäki tagallalaryň utgaşdyrylmagyna baglydyr. Şu nukdaýnazardan, döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowyň «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitine gatnaşmagy hem türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň özara bähbitlilik ýörelgeleri esasynda mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagynyň ýolunda möhüm ädime öwrüler.
Bitarap Türkmenistanyň «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgesi Hytaýyň «Adam hemme zatdan ýokarydyr», «Halkyň bähbidine dolandyrmak» atly konsepsiýalary bilen özboluşly sazlaşygy emele getirýär. Bu günki gün dünýä ykdysady we ylmy-tehnologik ösüşiniň öňdebaryjysyna öwrülen Hytaý Halk Respublikasy bilen ikitaraplaýyn hem-de sebit derejesindäki netijeli hyzmatdaşlygyň ilerledilmegi geljekde-de dostlukly türkmen we hytaý halklarynyň bähbidine hyzmat eder.