Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Nýu-Ýork şäherinde ýerleşýän ştab-kwartirasyndan hoş habar gelip gowuşdy. 16-njy maýda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen, Milletler Bileleşigine agza döwletleriň biragyzdan goldamagynda Kararnama kabul edildi. Oňa laýyklykda, 26-njy noýabr «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýlip yglan edildi.
Bu halkara resminama dünýä ýurtlarynyň 67-den gowragynyň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin möhümdiginiň we ägirt uly ähmiýete eýediginiň aýdyň beýany boldy.
Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 26-njy noýabryny “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýip yglan etmeginde — Türkmenistanyň başlangyjy esasynda ilkinji gezek guralan ählumumy maslahatyň geçirilen senesiniň saýlanyp alynmagynda çuňňur many bar. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňe sürýän tutuş dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr. Bu bolsa Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara giňişlikdäki abraýynyň has-da belende galmagyny üpjün edýär.
Türkmenistanyň başlangyçlary boýunça birnäçe Kararnamanyň kabul edilmegi ýurdumyzyň BMG we onuň iri ýöriteleşdirilen edaralary bilen özara gatnaşyklarynyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň beýanydyr. Şeýle resminamalaryň birine laýyklykda, 2023-nji ýyl “Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” diýlip yglan edildi. Ýurdumyzyň öňe süren “Dialog — parahatçylygyň kepili” atly başlangyjy döwletimiziň Bitaraplyk hukuk derejesiniň ornuny ýokarlandyrdy we dünýä bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe boldy. Dünýä döwletleriniň arasynda parahatçylyk, ynanyşmak medeniýetiniň ösdürilmegine ýardam berýän Bitaraplyk ýörelgeleriniň oňyn netijä eýe bolýandygy has aýdyň görünýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, Türkmenistan uzak möhletleýin geljegi nazara alyp, Milletler Bileleşigi bilen netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gyzyklanma bildirýär. Sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleriniň özara ylalaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeleýän ýurdumyz özüniň döredijilik mümkinçiliklerini tutuş adamzadyň bähbidine amala aşyrmaga çalyşýar we köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga, şol sanda ulag ulgamyndaky gatnaşyklara örän jogapkärçilikli çemeleşýär. BMG-niň Baş Assambleýasy “Bütindünýä durnukly ulag güni” atly resminamany kabul edende, ýurdumyzyň başlangyjy boýunça ozal kabul edilen şeýle resminamalara salgylanylandygyny bellemek gerek.
Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasynyň 2014-nji, 2015-nji, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilen degişli Kararnamalary kabul edendigini nygtamaly. Bu möhüm resminamalar ýurdumyzda ulag ulgamy boýunça birnäçe iri halkara forumlaryň geçirilmegi üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat etdi. Birleşen Milletler Guramasy bu gezekki Kararnamada Türkmenistanyň Hökümetiniň 2016-njy ýylda Aşgabatda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahatyny, şeýle hem deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ulag ministrleriniň 2022-nji ýylda Awazada geçirilen halkara maslahatyny guramak bilen baglanyşykly tagallalarynyň we bu forumda kabul edilen Jemleýji Beýannamanyň ähmiýetlidigine kanagatlanma bildirdi.
Resminamada BMG-ä agza döwletleriň, halkara, sebitara guramalaryň, raýat jemgyýetçiliginiň, şol sanda Hökümete degişli bolmadyk guramalaryň, şahsy taraplaryň we beýleki gyzyklanma bildirýän taraplaryň hemmesine Bütindünýä durnukly ulag gününi dabaralandyrmak teklip edilýär. Şeýle hem durnukly ulag ulgamy boýunça, hususan-da, halkara ulag gatnawlaryny artdyrmak, ekologik ulaglaryň ösüşine ýardam bermek, durmuş taýdan bähbitli ulag düzümleriniň we durnukly ulagyň beýleki ulaglarynyň ösdürilmegine ýardam bermek boýunça jemgyýetçilik biliminiň artdyrylmagyna gönükdirilen düşündiriş işlerini, çäreleri geçirmek bellenildi.
Şeýlelikde, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag-kommunikasiýa ugruna degişli täze Kararnamanyň kabul edilmegi Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň halkara abraýynyň belende galýandygynyň nobatdaky beýanyna öwrüldi. Munuň özi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli daşary syýasatyň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.