Birleşen Milletler Guramasynyň Aziýa-Ýuwaş umman sebiti boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) Bangkokda (Tailand) geçirilen 79-njy sessiýasynyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň başlangyjy esasynda bu Komissiýanyň «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň howdany boýunça Ýörite Maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» atly Kararnamasy biragyzdan kabul edildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
Türkmenistan bilen bilelikde bu halkara ähmiýetli kararnamanyň döredijileri hökmünde Azerbaýjan, Ermenistan, Filippinler, Hytaý, Singapur, Türkiýe çykyş etdiler.
Türkmenistan tarapyndan UNESCAP-yň çäklerinde hödürlenen bu ilkinji resminama 2018-nji ýylyň 24-nji awgustynda Awaza Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Araly halas etmegiň halkara Gaznasynyň esaslandyryjy ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň Sammitiniň, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň howdany boýunça ýörite maksatnamasynyň döredilmegi boýunça geçirilen bilermenler duşuşyklarynyň netijelerini öz içine alýar.
UNESCAP-yň «Birleşen Milletler Guramasynyň Aral deňziniň howdany boýunça Ýörite Maksatnamasynyň döredilmeginiň şertlerine garamak» atly Kararnamasy BMG-niň çäklerinde Aral deňzi bilen bagly meseleleri yzygiderli çözmeklige gönükdirilen ýörite guralyň emele gelmegine tarap iri ädimleriň biri bolup durýar.