Ï Arkadag şäherinde 123 belgili ulgam ornaşdyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag şäherinde 123 belgili ulgam ornaşdyrylýar

view-icon 2768
Arkadag şäherinde 123 belgili ulgam ornaşdyrylýar

Türkmenistanda ilkinji «akylly» Arkadag şäherinde dessin gulluklary çagyrmak üçin 123 belgi ulanylar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Arkadag şäherine iş saparynyň netijesinde şeýle karara gelindi.

Gahryman Arkadagymyz Arkadag şäheriniň Aragatnaşyk müdirligine bardy we şäheri sanlylaşdyrmak babatda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy hem-de zähmet çekýän hünärmenler bilen söhbetdeş boldy.

Bu ýerde desgalara sanly ulgamyň çäksiz mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagynyň ähmiýeti barada aýdyp, Milli Liderimiz döwrebap tehnologiýalaryňnetijeli ulanylmalydygy hem-de bu işleri mundan beýläk-de güýçlendirmek babatda Aragatnaşyk müdirliginiň hünärmenlerine birnäçe maslahatlaryny berdi. Hünärmenler, öz gezeginde, bu ýerde döredilen döwrebap mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hoşallyklaryny beýan etdiler we öňde durýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.

Milli Liderimiz täze — 123 belgili ulgamy bellemek hakynda karara gelendigini aýtdy we bu ulgamyň ilkinji gezek Arkadag şäherine ornaşdyrylýandygyny belledi.

123 belgili bu ulgam müşderileriň telefon arkaly ýüztutmalaryny kabul edip, gaýtadan işläp, degişlilikde, gaz howpsuzlygy, ýangyn howpsuzlygy we “Tiz kömek” merkezlerine maglumat berýär hem-de bu ugurda zerur işleriňgeçirilmegini guraýar. Şeýlelikde, döräp biläýjek heläkçiligiň öňi alynýar. Bu bolsa adamlaryň rahat, oňaýly şertlerde ýaşamaklaryny şertlendirýär.

Ýaşaýyş jaýlarynda we beýleki desgalarda bu ulgamyň ornaşdyrylmagy raýatlaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek maksady bilen, ähli işleriň sanly ulgam arkaly yzygiderli gözegçilikde saklanýandygyny görkezýär. Munuň özi ýurdumyzyň her bir raýatynyň abadan durmuşynyň üpjün edilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň döwletiň üns merkezinde durýandygynyň aýdyň beýanydyr.