Ï Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 2853

Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (IOM) baş hünärmeni bilen iş duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň web-saýtynda habar berildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar ýurdumyzyň Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen alyp barýan gatnaşyklarynyň geljegi we mümkinçilikleri barada pikir alşyp, olaryň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem duşuşygyň barşynda migrasiýany utgaşdyrmak, serhetleri saglygy goraýyş meseleler bilen integrirlenen esasda dolandyrmak hem-de adatdan daşary ýagdaýlaryň migrasiýa täsirini peseltmek boýunça taslamalary amala aşyrmagyň mümkinçilikleri ýaly meseleler boýunça pikir alşyldy.

Duşuşygyň ahyrynda taraplar Türkmenistanyň Migrasiýa boýunça halkara guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň barha giňeldilýändigini belläp, migrasiýa babatdaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna uly ynam bildirdiler.