Ï Türkmenistana tomus howasy güýje girdi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistana tomus howasy güýje girdi

view-icon 3057
Türkmenistana tomus howasy güýje girdi
camera-icon
Jepbarguly Garaýew

Türkmenistanda temperaturasy +40°C bolan tomus howasyna garaşylýar.

Aşgabatda az bulutly howa bolup, temperatura gündizlerine +35… +39, gijelerine +22… +25 gradus bolar.

Ahal welaýatynda güneşli howa bolup, temperatura gündizlerine +35… +37, gijelerine +19... +23 gradus aralyksda saklanar.

Balkan welaýatynda açyk-aýdyň howa bolup, temperatura gündizlerine +35… +40, gijelerine +24… +26 gradus bolar. Hepdäniň ahyrynda deňiz ýakalarynda az wagtlyk ýagyş ýagmagy mümkin. Dynç günlerinde howanyň temperaturasy gündizlerine +33 gradusa çenli peseler.

Mary welaýatynda temperatura gündizlerine +36… +38, gijelerine +20… +23 gradus bolar.

Lebap welaýatynda temperatura gündizlerine +35… +38, gijelerine +21… +23 gradus bolar.

Daşoguz welaýatynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, temperatura gündizleriine +32… +37, gijelerine +20… +22 gradus bolar.