Ï Türkmenistanyň Daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany işläp düzmek boýunça Iş topary döredildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany işläp düzmek boýunça Iş topary döredildi

view-icon 4809

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek, Türkmenistanyň dünýä ykdysady ulgamyna ygtybarly we netijeli goşulyşmagyny üpjün etmek hem-de Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna agza bolmagy bilen bagly meseleleri utgaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň daşary söwda düzgüni barada Ähtnamany işläp düzmek boýunça iş topary döredildi hem-de onuň düzümi tassyklanyldy.