2023-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde köp sanly görkezijiler boýunça Klaster barlagynyň ýedinji tapgyryna (MICS-7) taýýarlyk işleri boýunça mejlis geçirildi, oňa Türkmenistan ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, ÝUNISEF we UNFPA düzümleriniň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Bu barada ýurdumyzyň DIM-i habar berýär.
Duşuşykda Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Türkmenistanyň Klaster barlagynyň öňki tapgyrlaryna netijeli gatnaşmagyny nygtady. Mundan başga-da, Klaster barlagyndan alnan maglumatlaryň BMG-niň şertnamalaýyn guramalaryna we halkara hyzmatdaşlygynyň beýleki resminamalaryna hasabat bermek üçin möhüm çeşme bolup hyzmat edýändigini, köp sanly milli maksatnama gözegçilik etmek we baha bermek üçin esas bolup durýandygyny belledi.
Duşuşykda MICS-7-iň esasy wezipeleri we maksatlary ara alnyp maslahatlaşyldy, hususan-da MICS-7 barada maglumat ýygnamak döwründe ileri tutulýan taraplary ara alyp maslahatlaşmaga we karar bermäge üns berildi.
Maslahatlaşmalaryňyň netijelerine esaslanyp, gatnaşyjylar bu barlagyň dowamynda göz öňünde tutulmaly MICS-7 modullary barada karar berdiler.
Munuň bilen birlikde, tabşyryklary wagtynda ýerine ýetirmek üçin Tehniki we Dolandyryş komitetini döretmek teklip edildi.