Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynda hünär etikasy boýunça guralan maslahat tamamlandy. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň web sahypasy habar berýär.
USAID-iň maliýe taýdan goldaw bermeginde Bütindünýä gümrük guramasy (BGG) tarapyndan guralan bu çärä Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň Merkezi edarasynyň bölümleriniň we sebit gümrük edaralarynyň işgärleri gatnaşdylar.
Maslahatda BGG-niň wekilleri Oluimo Da Silwa, Daşgin Aliýew, Şri-Lankanyň gümrükhanasynyň gözegçilik bölüminiň başlygynyň orunbasary Nandika Sanat Kumanaýke halkara bilermenleri hökmünde çykyş etdiler.
Olar maslahata gatnaşyjylary öňdebaryjy tejribe bilen tanyşdyrdylar.
Maslahatda çykyş edenler gümrük edaralarynda gümrükçileriň düzgünleri we dürlüligi hakyndaky Aruşa jarnamasy bilen tanyşdyrdylar.
Aruşa jarnamasy gümrükde bitewüligi gurmak üçin bütin dünýä täsirli çemeleşmäniň esasy guraly we möhüm alamatlarydyr.
1993-nji ýylda kabul edilen bu Jarnama soňra bu konwensiýanyň ýörelgelerini nädip durmuşa geçirmelidigini düşündirýän "Öz-özüňe baha beriş gollanmasy" bilen dolduryldy.
Aruşa Jarnamasynda gümrük edaralary tarapyndan milli "gümrük bitewüligini üpjün etmek boýunça" maksatnamalaryny işläp düzmekde ulanylmaly esasy 10 ýörelge beýan edilýär.
2003-nji ýylda resminamanyň täze redaksiýasy kabul edildi.