2023-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Atom energiýasy boýunça halkara agentliginiň (IAEA) Türkmenistan üçin Çarçuwaly maksatnamasyny taýýarlamak boýunça mejlis geçirildi, oňa ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de IAEA-nyň ýolbaşçy wekilleri gatnaşdy. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Iş duşuşygynyň dowamynda Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa Türkmenistanyň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygynyň degişli milli we köptaraplaýyn resminamalarda öz beýanyny tapýan dürli ugurlar boýunça ösýändigini nygtady. Şol bir wagtyň özünde, BMGÖM, ÝUNISEF, UNFPA we beýleki halkara gurluşlar bilen üstünlikli durmuşa geçirilýän Ýurt boýunça maksatnamalaryny işläp düzmekde we durmuşa geçirmekde oňyn tejribesi bellenildi.
Gatnaşanlar Çarçuwaly maksatnamasyny taýýarlamak boýunça maslahatlaşmalaryň çäginde bu maksatnamanyň deslapky taslamasynyň işlenip düzülmeginde «Türkmenistany 2022-2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» we «Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň 2022-2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasynda» kesgitlenen lukmançylyk, suw gorlaryny tygşytly dolandyrmak, azyk howpsuzlygy, oba hojalygy, daşky gurşawy goramak, radiasiýa materiallaryny we enjamlaryny howpsuz dolandyrmak ýaly öz içine alýan ileri tutulýan ugurlara we bu ugurlaryň hukuk binýadyny halkara ülňülerine laýyklykda ösdürmäge aýratyn üns berilendigini mälim etdiler
Şu nukdaýnazardan, mejlisiň dowamynda Türkmenistan bilen IAEA-nyň ýakyn ýyllarda Ýurt maksatnamasynyň deslapky taslamasynda görkezilen hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy.
Munuň bilen birlikde, taraplar Türkmenistanyň ähli degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň Çarçuwaly maksatnamasyny taýýarlamak, anyk maksatlary we wezipeleri kesgitlemek, şeýle hem türkmen tarapyndan utgaşdyryjy bellemek işine işjeň gatnaşmagynyň möhümdigini nygtadylar.
Ýurt üçin Çarçuwaly maksatnamasy, agza döwletde belli bir döwürde teklip edilýän tehniki hyzmatdaşlygyň meýilnamasyny strategiki taýdan meýilleşdirmek üçin agza döwletiň we IAEA-nyň arasynda ylalaşylan guraldyr. Agza döwletler Ýurt üçin Çarçuwaly maksatnamalaryň işlenip düzülmegine jogapkärçilik çekýärler we olaryň taýýarlanylmagyna ýolbaşçylyk edýärler, IAEA bolsa Çarçuwaly maksatnamalaryň işlenip düzülmeginde üçin zerur bolan materiallar we ýardamlar bilen üpjün edýärler.