Ï Arkadag şäherinde azyk, saglygy goraýyş we beýleki maksatly serişdeleriň önümçilik desgalary gurular
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Arkadag şäherinde azyk, saglygy goraýyş we beýleki maksatly serişdeleriň önümçilik desgalary gurular

view-icon 4592

«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» bellenen wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek, ilatymyzyň ýaşaýyş derejesini has-da ýokarlandyrmak, sebitlerde senagat pudagyny ösdürmek, klaster taslamasyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Arkadag şäherinde azyk, senagat, derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň önümçilik hem-de hyzmat ediş binalarynyň, desgalarynyň gurluşyk işlerini 2023 — 2026-njy ýyllarda amala aşyrmak bellenildi.

Degişli düzümlere azyk, senagat, derman we saglygy goraýyş maksatly serişdeleriň önümçilik zolagynda binalarydyr desgalary gurmak boýunça halkara bäsleşigi geçirmek tabşyryldy.