Şu gün Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzda iş sapary bilen bolýan Ýewropa parlamentiniň Merkezi Aziýa ýurtlary we Mongoliýa boýunça wekiliýetiniň ýolbaşçysy Tomaş Zdehowskiý bilen duşuşdy.
Söhbetdeşler netijeli hyzmatdaşlygy ilerletmekde, ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm gural bolup hyzmat edýän parlamentara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge özara gyzyklanma bildirdiler.
Duşuşygyň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty netijesinde günsaýyn täze üstünliklere eýe bolup, halkara giňişlikde ornuny pugtalandyrýandygy bellenildi.
Nygtalyşy ýaly, Ýewropa parlamenti bilen özara gatnaşyklar ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we durmuş ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen taslamalaryň, maksatnamalaryň çäginde ileri tutulýan meseleleri üstünlikli çözmekde, hususan-da, “Ýewropa Bileleşigi — Türkmenistan” bilelikdäki komitetiň, Parlamentara dialogyň, Adam hukuklary boýunça dialogyň, Daşary işler ministrlikleriniň konsultatiw duşuşyklarynyň we hyzmatdaşlygyň aýry-aýry ugurlarynda netijeli ösdürilýär. Söhbetdeşler Türkmenistan bilen ÝB-niň arasynda gazanylan ylalaşyklary kanunçylyk taýdan üpjün etmek boýunça alnyp barylýan işleriň möhümdigini belläp, şertnama-hukuk binýadyny, özara tejribe alyşmagy giňeltmek, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, ony hil taýdan täze derejä çykarmak maksady bilen, ikitaraplaýyn parlamentara duşuşyklarydyr geňeşmeleri yzygiderli geçirmegiň zerurdygyny nygtadylar.
Türkmenistanyň demokratik, hukuk we dünýewi döwlet hökmünde ählumumy gün tertibiniň, şol sanda belent ynsanperwerlik taglymlaryny hem-de gymmatlyklaryny berkarar etmek meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen başlangyçlar bilen çykyş edýändigi aýratyn bellenildi. Garaşsyz, Bitarap ýurdumyz adam hukuklarynydyr bähbitlerini goramagy döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde yglan etmek bilen, halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda, degişli resminamalary ýerine ýetirmek boýunça öz üstüne alan borçnamalaryna gyşarnyksyz eýerýär.
Soňra Ýewropa parlamentiniň wekiliýet agzalarynyň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde gepleşikler geçirildi. Söwda-ykdysady, ulag-aragatnaşyk, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de tehnologiýalary we maglumat serişdelerini alyşmagy ýola goýmagyň maksadalaýyk boljakdygy bellenildi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli amala aşyrylýan giň möçberli özgertmelere, sanlylaşdyrmak meselelerine uly üns berildi.
Türkmen parlamentiniň düzümi we alyp barýan köpugurly işleri bilen ýakyndan tanyşdyryp hem-de özara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň geljegine ýokary baha berýändiklerini nygtap, söhbetdeşler sebit we ählumumy ösüşiň möhüm meselelerini çözmek ugrunda tagallalaryň utgaşdyrylmagy barada pikir alyşdylar.