Türkmenistanyň Döwlet Çeperçilik akademiýasynyň galereýasynda nepis sungatlar pudagy boýunça türkmen-amerikan alyş-çalyş maksatnamasyna gatnaşan okuwçylaryň tebigaty şekillendirýän eserleriniň sergisi açyldy.

Bu medeni taslamanyň çäginde ýurdumyzyň täze başlaýan suratkeşleri meşhur amerikan suratkeşi Eými Eriksonyň daşary ýurt şekillendiriş sungaty mekdebi bilen tanyşmaga mümkinçilik tapdylar.
Türkmen talyplary birnäçe günläp nazary okuwlara, ussatlyk sapaklaryna we açyk howada surat çekmeklige gatnaşdylar. Döredijilik sapaklary täze hünär endiklerini özleşdirmäge we tebigatda surat çekmek usullarynyň kämilleşmegine ýardam etdi. Ýagly reňk bilen täsirli surat çekmek okuwyny geçen talyplar halypanyň maslahatlarynyň geljekde olar üçin gaty peýdaly boljakdygyny bellediler.

Ussatlyk sapaklarynda ýaş suratkeşler surat çekmegiň kanunlaryny, suratlarda ýagtylygy we kölegäni görkezýän refleksleri ulanmagy öwrendiler. Aşgabadyň ajaýyp künjeklerinde açyk howada geçirilen köp sanly sapaklar netijesinde, talyplar Türkmenistanyň ak mermerli paýtagtynyň ajaýyp keşbini beýan edýän birnäçe gyzykly suratlaryny döretdiler.
Olaryň arasynda portretler hem bar. Täze ussat bilen tanyşlykdan ylham alan zehinli suratkeşler öz işlerinde suratkeşiň keşbini çekmek kararyna geldiler.

Eými Erikson ähli döredijilik sowgatlaryny görende, ýakymly haýran galmagy başdan geçirdi. Daşary ýurtly myhman geljekki hünärmenleriň ajaýyp başarnyklaryny hem belläp geçdi. Onuň aýtmagyna görä, Aşgabatda bolan ilkinji günlerinden başlap, eýýäm ýokary hünär derejesine eýe bolmaklaryna garamazdan, ýaşlaryň täze bilim almaga hyjuw bilen ymtylyşlary ünsüni özüne çekipdir.
Talyp işleriniň sergisiniň açylyş dabarasyna ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili Waýda Widugiris gelip gördi. Ol öz çykyşynda şeýle diýdi:

–Halklaryň arasyndaky medeni gatnaşyklarda, birek-birege hormat goýmakda we düşünişmekde hyzmatdaşlygyň hem-de sungatda tejribe alyşmagyň möhüm orny bardyr. Bu gün men zehinli türkmen talyplarynyň işine haýran galýaryn. Bu sergi bize geljekdäki hyzmatdaşlygymyz üçin ylham berer we dünýäniň çar künjeginden gelen suratkeşleri bir ýerde jemlenmäge, tejribe alyşmaga, täze sungat eserlerini döretmäge höweslendirer diýip umyt edýärin.
Ýakyn günlerde isleg bildirýänleriň hemmesi sergi bilen tanşyp bilerler. Galereýa giriş – mugt.