Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynda Türkmenistan bilen Trinidad we Tobago Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklary ýola goýmak hakynda Bilelikdäki Beýannama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň daşary syýasat edarasy habar berýär.
Gol çekişmek dabarasyndan öň Türkmenistanyň BMG-däki Hemişelik wekili Aksoltan Ataýewa bilen Trinidad we Tobago Respublikasynyň BMG-däki Hemişelik wekili jenap Dennis Frensisiň (BMG Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň saýlanan başlygy) arasynda duşuşyk geçirildi.
Ilçiler dostlukly gatnaşyklaryň mundan beýläk hem giňeldilmegine we syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, şeýle hem halkara guramalaryň, hususan-da Birleşen Milletler Guramasynyň çäklerinde hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge berk ygrarlydyklaryny tassykladylar. Soňra Ilçiler Bilelikdäki Beýannama gol çekdiler.
Taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn derejede hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar, şeýle hem BMG-nyň gün tertibinde Türkmenistan we Trinidad we Tobago Respublikasy üçin gyzyklanma bildirilýän meseleleri, hususan-da öňüni alyş diplomatiýasy we dialog, parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Duşuşykda A.Ataýewa ilçi D.Frensisiň BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň başlygy wezipesine saýlanmagy bilen gutlady we onuň ileri tutýan ugurlarynyň Türkmenistanyň ileri tutýan ugurlaryna gabat gelýändigini aýtdy, şeýle hem olary durmuşa geçirmekde zerur bolan goldaw we ýardam bermäge taýýardygyny belledi.
D.Frensis Türkmenistanyň Hökümetini we halkyny Trinidad we Tobago bilen diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagy mynasybetli gutlady hem-de bu gatnaşyklaryň has ýokary derejede uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň ösmegine itergi berjekdigini nygtady.