Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň üçünji mejlisini geçirdi.
Ýurdumyzda hajy Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň üçünji mejlisiniň mukaddes Gurban baýramynyň ilkinji gününde geçirilmeginde çuňňur many bar. Türkmen halky taryhyň dowamynda ynsanperwer ýörelgelere ygrarly bolmak bilen, mukaddeslik saýylýan taryhy seneleri dabaralandyrmaga aýratyn ähmiýet berýär. Ýaşulular geňeşiniň üçünji mejlisiniň bu mukaddes günlerde geçirilmegi şeýle taryhy wakalaryň ýurdumyzda tutuş halkymyz üçin ähmiýetlidiginiň nobatdaky beýanydyr.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular geňeşiniň bu gezekki mejlisinde geňeşiň agzalarynyň terbiýeçilik, öwüt-ündew, wagyz-nesihat, ösüp gelýän ýaş nesillerimizi goldamak babatda ýerlerde alyp barýan işleri, şeýle hem obadyr şäherleriň ýagdaýlary, oba zähmetkeşleri bilen geçirýän çäreleri barada pikir alyşmak, öňümizde duran döwlet ähmiýetli, hususan-da, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli geçiriljek çärelere, Arkadag şäheriniň açylyşy mynasybetli geçiriljek dabaralara, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine we ondan soňky çärelere ýaşuly nesliň gatnaşmagyny guramak meselelerine garaljakdygyny aýtdy.
Şeýle hem mejlisiň gün tertibine hemaýata mätäç çagalara goldaw bermegiň çäginde alnyp barylýan işlere, hususan-da, çagalar öýlerinde terbiýelenýän çagalar üçin döredilýän şertler, olara türkmeniň milli däpleri esasynda mynasyp at dakmak barada degişli çözgütler kabul etmek, Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagynda Saud Arabystany Patyşalygyna, mukaddes Mekgä amala aşyryljak sapara taýýarlyk bilen bagly meseleler girizildi.
Ýurdumyzy hemmetaraplaýyn ösen döwlete öwürmek, her bir adamyň bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmek, Watanymyzyň geljegi bolan ýaş neslimiz hakyndaky alada hormatly Prezidentimiziň alyp barýan syýasatynyň esasy maksady bolup durýar diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.
Türkmenleriň asyrlarboýy öz nesline aýratyn alada we mähir bilen garap, olara iň oňat zatlary bagyş edendiklerini aýdyp, Milli Liderimiz bu ýörelgeleriň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe täze ösüşe eýe bolandygyny belledi. Çünki Garaşsyz Diýarymyzyň bagtyýar nesilleri baradaky alada biziň beýik we ýagty geljegimiz hakdaky aladadyr.
Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygyna ak pata berlendigini belläp, türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň çäklerinde çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň açyljakdygyny aýtdy. Munuň özi hemaýata mätäç çagalara kömek etmek boýunça giň gerimli işleri ýene-de ep-esli giňeltmäge mümkinçilik berer. Merkezde hemaýata mätäç çagalaryň saglygyny bejermek, dikeltmek üçin dünýäniň belli kompaniýalarynyň iň häzirki zaman enjamlary ornaşdyryldy. Oňa ýokary hünär taýýarlygy bolan lukmanlar işe kabul edilýär we beýleki zerur işler geçirilýär. Bu ugurda geljekde-de maksatlaýyn işler alnyp barlar.
Munuň üçin döwletimiziň we gaznanyň serişdeleriniň ýeterlikdigini, bu babatda uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz geljekde bu işleriň çäkleriniň has-da giňeldiljekdigini, şunda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmäge möhüm ähmiýet beriljekdigini, çagalaryň sagdyn ösüşi, olary özbaşdak durmuşa we zähmete taýýarlamak bilen bir hatarda, ösüp gelýän ýaş nesiller üçin durmuş ýeňilliklerini, maddy goldawy bermegiň ulgamynyň döredilendigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, täze ýaşaýyş jaýlary, mekdepler, çagalar baglary, saglygy goraýyş we sport desgalary ulanmaga berilýär. Bu ugurda giň gerimli gurluşyk işleri dowam etdirilýär.
Gahryman Arkadagymyz Garaşsyz Watanymyzyň iň täze taryhynda buýsançly sahypalar ýazylýan şöhratly zamanada eneleriň hem-de çagalaryň hukuklaryny we bähbitlerini hukuk taýdan goramaga gönükdirilen kanunlaryň kabul edilmeginiň, köp sanly durmuş ýeňillikleriniň berilmeginiň, çaganyň we enäniň saglygyny goraýan «Ene mähri» saglygy goraýyş merkezleriniň döredilmeginiň çagalaryň irki döwürden kadaly ösüşini hem-de abadan durmuşyny üpjün edýändigini belledi.
Çagalaryň hukuklaryny we azatlyklaryny berkidýän Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda kabul edilen kanunlarda çagalary goramak meselesi öz beýanyny tapýar. «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda», «Çaganyň hukuklarynyň döwlet kepillikleri hakynda», «Ýaşlaryň zähmet çekmäge bolan hukugynyň kepillendirmesi hakynda», «Bilim hakynda», «Medeniýet hakynda», «Syýahatçylyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynda we beýleki kanunlarda, Zähmet kodeksinde, Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda; Maşgala kodekslerinde, bu meselelere degişli kabul edilen beýleki onlarça kadalaşdyryjy hukuk namalary bilen çagalar, ýetginjekler we ýaşlar üçin amatly durmuş, ýaşaýyş, zähmet we dynç alyş şertlerini döretmek, maşgalany goramak hakynda düzgünler göz öňünde tutuldy diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni dowam etdi.
Şu maksatlardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek üçin gazna tarapyndan şu ýylyň başyndan bäri saglygy goraýyş merkezlerinde howandarlyga mätäç, näsag çagalara onlarça operasiýanyň geçirilendigini belläp, hajy Arkadagymyz häzirki döwürde bejergi alan çagalara lukmançylyk gözegçiliginiň ýola goýlandygyny aýtdy.
Döwletliler köşgüniň we Balkanabat şäherindäki çagalyk öýüniň uçurymlaryna noutbuk kompýuterleri, Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli sowgatlar gowşuryldy. Umuman, çagalary dürli usullar bilen goldamak we höweslendirmek boýunça giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýaşlara uly ynam bildirilýär. Häzirki bagtyýar döwrümiziň ýaşlary ertir ýurdy beýgeltjek, türkmen döwletini gülletjek oglan-gyzlardyr. Ýaşlaryň joşgunly hyjuwy, Watana bolan söýgüsi, halal zähmete yhlasy, şu güne buýsanjy, röwşen geljege ynamy, dostluga, söýgä sarpasy, sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarlylygy täze taryhy döwrüň mysalynda öz mynasyp ornuny tapýar. Biz geljekde-de bu işleri uly höwes bilen dowam ederis diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
Ynsanperwerlik, mätäji goldamak ýaly milli ýörelgelerimize eýermek bilen, gazna tarapyndan ata-enesiniň ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlaryň howandarlygyndan galan çagalaryň we ýetginjekleriň aýratyn alada bilen gurşalyp alynmagynyň ähmiýeti barada aýdyp, Milli Liderimiz çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi, jemgyýetimiziň durmuşyna mynasyp we doly derejede gatnaşmagy üçin oňaýly şertleriň döredilmegi ugrunda alnyp barylýan işler ýaş nesliň abadan, bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge, kämil şahsyýetler hökmünde kemala gelmegine gönükdirilendigine ünsi çekdi.
Gaznanyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşinde ýerine ýetirilmeli işleriň maslahatlaşylýandygyny belläp, Gahryman Arkadagymyz onuň esasy maksadynyň gaznanyň Tertipnamasynda kesgitlenen wezipeleri amala aşyrmaga ýardam etmekden we gaznanyň işine maslahat beriş goldawyny bermekden ybaratdygyny aýtdy. Ýaşulular geňeşiniň geçen mejlislerinde howandarlyga mätäç çagalara ýakyndan ýardam bermek, olara ata-babalarymyzyň däplerine laýyk mynasyp at dakmak boýunça geçirilýän işleri ara alyp maslahatlaşdyk we degişli çözgütleri kabul etdik. Biz geljekde Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, şol çagalar kämillik ýaşyna ýetenlerinde, bellenen tertipde ýaşaýyş jaýy bilen üpjün edilmegine ýardam etmek, olary durmuş taýdan goldamak babatda beýleki çäreleri hem işläp taýýarlamagy maksat edinýäris diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
Milli Liderimiz bu meseleler boýunça şu günki mejlisiň ikinji böleginde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Diwanynyň we gaznanyň iş dolandyryjysy K.Babaýewiň maglumat berjekdigini aýdyp, onuň dowamynda degerli teklipleriň maslahatlaşylyp, oňyn çözgütleriň kabul ediljekdigine ynam bildirdi.
Ýaşulular geňeşiniň agzalarynyň gatnaşmagyndaky wekiliýetiň Saud Arabystany Patyşalygyna, mukaddes Mekgä saparyny guramak boýunça degişli guramaçylyk, taýýarlyk işleriniň geçirilendigini belläp, hajy Arkadagymyz Gurban baýramynyň milletimiziň taryhy ýörelgeleriniň we däp-dessurlaryň dowamatlylygyny, şöhratly ata-babalarymyzyň wesýetlerine ygrarlydygyny alamatlandyrýandygyna ünsi çekdi. Mukaddes Mekge topragynda Beýik Biribardan mähriban halkymyzyň bagtyýarlygyny, Watanymyzyň abadançylygyny, Arkadagly Serdarymyzyň jan saglygyny dileg etmegi, aýat-doga okamagy, durmuşa geçirilýän beýik işlerde halkymyza üstünlikleri arzuw etmegi niýet edýäris diýip, Arkadagymyz belledi.
Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow howandarlyga mätäç çagalara hemaýat berilmegine gatnaşmak, gaznanyň işi barada halkymyzy habarly etmek, wagyz etmek, onuň hemaýat berýän çagalaryna halkymyzyň taryhy we milli däplerine eýerilip, durmuşa geçirilen işler, öňümizdäki Garaşsyzlyk baýramyna, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk, Arkadag şäherinde bitirilen işleri wagyz etmek barada çykyş etmek üçin geňeşiň agzalaryna söz berdi.
Aşgabat şäherine wekilçilik edýän ýaşuly Rejepmämmet Ataýew, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzy Gurban baýramy hem-de Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň açylyşy bilen gutlady we hormatly Arkadagymyzyň özleri bilen ýygy-ýygydan duşuşyp, möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşýandygy, ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi, olaryň sagdyn durmuşy ugrunda döwlet derejesinde alada edilýändigi üçin hoşallyk bildirdi. “Aý dogsa, älem görer” diýlişi ýaly, ýurdumyzda amala aşyrylýan asylly işler halkara giňişlikde beýan edilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik işleriniň Arkadagly Serdarymyz tarapyndan dowam etdirilip, bu gün paýtagtymyz Aşgabat şäheri täze keşbe eýe boldy. Bellenilişi ýaly, berkarar döwletiň ösüşiniň täze tapgyrynda mähriban Watanymyzy syýasy, ykdysady we medeni taýdan ösdürmekde, ýurdumyzda binagärlik we şähergurluşyk işini ýokary derejelere ýetirmekde, her bir adam üçin, ylaýta-da, ýaşlar üçin ýaşaýşyň iň ýokary şertleri döredilýär, döwrebap obalar, şäherler gurulýar. Bu bolsa halkymyzy täze üstünliklere, beýik ýeňişlere ruhlandyrýar. Şeýlelikde, halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň daşyna mäkäm jebisleşýär. Agzybirlikde ýerine ýetirilýän giň möçberli işler rowaçlyklara beslenýär. Munuň özi halkymyzyň döwletimize, mähriban Watanymyza bolan buýsanjyny, guwanjyny artdyrýar diýip, R.Ataýew belledi we munuň üçin hormatly Prezidentimize hem-de hajy Arkadagymyza ähli ýaşulularyň adyndan hoşallyk bildirdi.
Paýtagtymyza wekilçilik edýän hormatly ýaşuly R.Ataýew çykyşyny jemlemek bilen, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylarynyň adyndan, halkymyz, aýratyn-da, ýaşlar üçin döredilýän mümkinçilikler üçin hormatly Arkadagymyza hoşallyk sözlerini beýan etdi.
Soňra Ahal welaýatyna wekilçilik edýän ýaşuly Şaberdi Amansaparow Gahryman Arkadagymyzy we mejlise gatnaşyjylary yslam dünýäsinde mukaddes saýylýan Gurban baýramy hem-de Arkadag şäheriniň birinji tapgyrynyň gurlup ulanmaga berilmegi bilen gutlady. Ol hormatly Prezidentimiziň gol çeken resminamasyna laýyklykda, halkymyzyň üç günläp Gurban baýramyny belleýändigini, adamlaryň, aýratyn-da, ýaşulularyň ýaşlar bilen duşuşyp, degişli wagyz-nesihat işlerini geçirýändiklerini belledi. Şunda ýaşlaryň arasynda zyýanly endikleriň öňüni almak meselelerine zerur üns berilýär. Paýhasly pederlerimiz ýagşy dessurlary ýörelge edinipdirler. Häzirki döwürde bolsa dünýä nusgalyk däp-dessurlarymyz mynasyp derejede dowam etdirilýär diýip, Ş.Amansaparow nygtady.
Ahal welaýatyna wekilçilik edýän ýaşuly türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralaryň ähmiýeti barada aýdyp, döwlet derejesinde alnyp barylýan bu işleriň beýik şahsyýetlerimize goýulýan sarpadygyny nygtady we munuň üçin ähli ýaşulularyň adyndan hoşallyk bildirdi. Jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek, hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetleri kemala getirmek, halkymyzyň bagtyýar geljeginiň berk binýadyny goýmak ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işlere dahylly bolmagyň özleri üçin belent mertebedigini nygtap, Ş.Amansaparow bu işleriň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdirilmegi ugrunda ýurdumyzyň ýaşulularyň adyndan ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.
Balkan welaýatyna wekilçilik edýän ýaşuly Abdyrahman Begjanow Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan asylly ýörelgelerine eýerip, türkmen jemgyýetinde haýyr-sahawat etmegiň hasabyna sanlyja ýylyň içinde onlarça çagada çylşyrymly operasiýalaryň geçirilmeginiň ynsanperwerligiň beýik nusgasydygyny belledi. Munuň özi ýurdumyzyň ähli ilatynyň, şol sanda çagalaryň saglyk ýagdaýynyň yzygiderli üns merkezinde saklanylýandygynyň nobatdaky beýanydyr diýip, hormatly ýaşuly belledi we munuň üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Daşoguz welaýatyna wekilçilik edýän ýaşuly Toýly Kurbanmetow, ilki bilen, Gahryman Arkadagymyzy we tutuş türkmen halkyny mukaddes Gurban baýramy bilen gutlady. Ol döwlet derejesinde alada edilmegi netijesinde, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanýandygyny aýratyn buýsanç bilen belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan we Arkadagly Serdarymyzyň üstünlikli dowam etdirýän ynsanperwer goldawlarynyň esasynda ençeme çaganyň saglygynyň dikeldilendigini nygtady. Hormatly ýaşuly ösüp gelýän ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi ugrunda alada edilýändigi üçin hormatly Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza hoşallyk sözlerini beýan etdi.
Lebap welaýatyna wekilçilik edýän ýaşuly Garly Bazarow Halk Maslahatynyň Başlygyny we hemmeleri mukaddes Gurban baýramy bilen gutlady. Ol Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen halkymyzyň watansöýüjilik, ynsanperwerlik, arassa ahlaklylyk ýaly ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilmegi ugrunda döwlet derejesinde zerur şertleriň döredilýändigi üçin hoşallyk bildirdi.
Köňül tämizliginiň güýji bolan asylly däp-dessurlary degişli derejede berjaý etmek üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigini nygtap, hormatly ýaşuly mundan beýläk-de belent maksatlara ýetmek ugrunda zerur tagallalary gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.
Soňra Mary welaýatyna wekilçilik edýän ýaşuly Allaberdi Çaryýew mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny ýaşlaryň arasynda wagyz etmek işleriniň alnyp barylýandygy barada aýtdy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly dabaralar bilen toýlanýan toýlar, Arkadag şäheri ýaly ägirt uly taslamanyň gurulmagy halkymyzy buýsandyrýar, döwletiň kuwwatyny görkezip, merdana halkymyzyň at-abraýyny, mertebe-şanyny has-da artdyryp, her birimizi belent maksatlara ruhlandyrýar.
Garaşsyzlyk milli buýsanjymyzdyr, ata-babalarymyzyň asyrlarboýy kalbynda besläp gelen arzuw-umytlarynyň hasyl bolmagydyr diýip, A.Çaryýew belledi we ol özüniň çykyşyny goşgy setirleri bilen jemledi.
Şeýle asylly işleriň hemişe güýçlendirilmeginde, ýaşlaryň arasynda yzygiderli bolup, olaryň Watana wepaly ýaşlar bolup ýetişmeginde goşýan goşantlaryna ýokary baha berip, Gahryman Arkadagymyz ertir açyljak Arkadag şäherinde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanynda döredilen Ýaşulular geňeşiniň ýörite muzeýiniň döredilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny belledi. Şeýle başlangyjy mejlise gatnaşýan ýaşulular gyzgyn goldap, Milli Liderimiziň alyp barýan beýik işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenýändigini buýsanç bilen bellediler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzy mundan beýläk-de ykdysady taýdan ösdürmek, halkymyzyň hal-ýagdaýynyň derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak barada uly tagallalaryň edilýändigini belledi. Döwletimiziň we jemgyýetimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan her bir adamyň abadan durmuşda ýaşamagy, döredijilikli zähmet çekmegi, mynasyp dynç almagy üçin hemmetaraplaýyn ýardam bermek ýurdumyzyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Şonuň üçin çagalygy goramak, maşgala goldaw bermek, çagalarymyzyň beden, aň-bilim, ruhy, ahlak we döredijilik taýdan talabalaýyk ösüşini üpjün etmek meselelerine örän jogapkärli hem-de toplumlaýyn esasda çemeleşilýändigini belläp, Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň bütin dünýäde bagtly çagalygyň, çagalaryň iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurdy hökmünde tanalýandygyny aýtdy. Ýurdumyzyň halkara derejedäki şeýle abraý-mertebesiniň sakasynda bolsa adam hakynda edilýän aladalar, ýurdumyzyň çagalar babatdaky alyp barýan oňyn döwlet syýasaty dur.
Döwletimiz howandarlyga mätäç çagalara hemmetaraplaýyn kömek we goldaw berýär. Bu gün şeýle ynsanperwer ýörelgeler çaganyň iň gowy bähbitlerine gönükdirilýär. Türkmen jemgyýetinde hossarsyz çagalar ýeke galmaýar. Ýurdumyzyň röwşen geljegi bolan çagalar geljekde-de döwletimiz tarapyndan uly mähir, alada bilen gurşalyp alnar. Çagalar, ýaşlar arkasynda dag ýaly döwletimiziň durandygyny, olaryň geljegi hakyndaky aladalaryň bir pursat hem ýatdan çykarylmaýandygyny duýup ýaşamalydyr. Bu babatda alyp barýan wagyz-nesihat işlerimizi hem hemişe dowam etmelidiris diýip, hajy Arkadagymyz belledi. Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň agzalary bilen birnäçe asylly, döwletli meselelere garalandygyny aýdyp, Gahryman Arkadagymyz mundan beýläk-de ýaş nesilleriň aladasyny edip, olary goldaw-hemaýat bilen gurşap almagyň, bu ugurda alnyp barylýan asylly işleri dowam etdirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.
Men «Ömrümiň manysy» atly kitabymda ýurdumyzda dini däp-dessurlaryň erkin berjaý edilýändigini ýazypdym. Gurban baýramyny hem halkymyz agzybirlikde belläp geçýär. Haj parzy musulmançylykda ýerine ýetirilmeli bäş parzyň biri hasaplanýar. Raýatlarymyza haj parzyny berjaý etmekleri üçin döwletimiz tarapyndan ähli mümkinçilikler döredilýär. Ata-babalarymyzyň belleýşi ýaly, Gurban baýramy adamlary birek-birege has-da ýakynlaşdyrýar. Haýyrly işlere ýol açýar. Arkadag şäheriniň hem birinji tapgyrynyň açylyşy bu mukaddes baýramyň bellenilýän günlerine, ýagny 29-njy iýuna gabat gelýär diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi.
Ýaňy-ýakynda Arkadagly Serdarymyzyň gatnaşmagynda Arkadag şäheriniň gurluşygynyň ikinji tapgyryna badalga berlendigini aýdyp, Milli Liderimiz täze şäherde bina galdyrmak, ýol çekmek, köpri gurmak, bag ekmek ýaly iň asylly, iň döwletli tutumlaryň öz dowamatyny tapýandygyny aýratyn nygtady.
Geçen gezekki mejlisimizde «Ömrümiň manysy» atly kitabymyň dowamyna sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyňyzy aýtdyňyz. Ine, bu gün — Gurban baýramynyň birinji gününde size hoş habary ýetiresim gelýär. Ýakynda «Ömrümiň manysynyň dowamaty» diýen kitabymy ýazyp tamamladym. Bu gün bolsa kitap çapdan çykdy. Elbetde, her bir ynsan öz ömrüni many bilen bezemäge çalyşýar. Men geçilen ýollar, duşuşyklar, ynsan ykballary hakynda kän oýlanýaryn. Täze kitabymda hem, ine, şolar barada pikir ýöretdim. Iş saparlarymdaky wakalary, dünýäniň abraýly syýasy işgärleri bilen bolan duşuşyklarymy ýakymly ýatlamalar bilen täze kitabymda hem beýan etdim. Durmuş ýoly uzak. Oý-pikirler entegem kän. Şonuň üçin bu kitabyň — «Ömrümiň manysynyň dowamatynyň» hem dowamaty bolar diýip ynandyrýaryn. Häzir men täze kitabymy size gowşuraýyn diýip, Gahryman Arkadagymyz sözüni jemledi we mejlise gatnaşanlaryň her birine jan saglyk, maşgala abadançylygyny arzuw etdi.
***
Şol gün Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň ýolbaşçylarynyň we agzalarynyň gatnaşmagynda hoşallyk maslahaty geçirildi. Onda Gahryman Arkadagymyzyň geňeşiň üçünji mejlisiniň dowamynda öňde goýan wezipelerini çözmegiň ýollary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem bu düzümiň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň meselelerine garaldy. Bellenilişi ýaly, türkmen halky taryhyň dowamynda özüniň mizemez ynsanperwer gymmatlyklaryna hem-de asylly ýörelgelerine eýermek bilen, ösüp gelýän ýaş nesiller, olaryň saglygyna, zähmetsöýerlik hem-de ene topraga çäksiz söýgi ruhunda hemmetaraplaýyn bilimli we terbiýeli şahsyýetler hökmünde kemala gelmegine uly üns beripdir. Täze taryhy eýýamda bu ýörelgeler Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda mynasyp dowam etdirilýär.
Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar türkmen halkynyň milli Liderine we döwlet Baştutanymyza ýaş türkmenistanlylaryň hemmetaraplaýyn ösmegi ugrunda döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, öňde goýlan maksatlara ýetmek üçin ähli zerur çäreleriň görüljekdigine ynandyrdylar.