Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen şäherleriň häkimleriniň şu gün geçirilen duşuşygy şanly waka — täze Arkadag şäheriniň açylmagyna bagyşlandy.
Baýramçylyk forumyna 2019-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň ak patasy bilen düýbi tutulan “akylly” şäheriň açylyş dabarasynda bolan köp sanly myhmanlar gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary, “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edilen şäherleriň dolandyryş düzümleriniň ýolbaşçylary bar.
TÜRKSOÝ-nyň diňe bir gurama gatnaşyjy ýurtlaryň medeni gatnaşyklarynyň netijeli guraly bolmak bilen çäklenmän, eýsem, köp sanly döwletleri we halklary halkara hyzmatdaşlygyň giňişligine çekýändigini bellemek gerek. “Türki dünýäniň medeni paýtagty” taslamasy halkara giňişlikde türki halklaryň medeniýeti bilen tanyşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Medeni gatnaşyklary ösdürmek Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, TÜRKSOÝ bilen türki dilli halklaryň baý medeni mirasyny aýawly saklamaga, öwrenmäge we wagyz etmäge gönükdirilen gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigini nygtamak zerurdyr. Şol miras umumadamzat medeni hazynasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Şunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň hyzmatlary örän uludyr. Döwlet Baştutanymyza “Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin” atly medalyň hem-de Gahryman Arkadagymyza Türki medeniýetiň halkara guramasynyň ýokary sylagy bolan “TÜRKSOÝ” ordeniniň, şeýle hem “Türki dünýä ýokary hyzmatlary üçin” atly medalyň gowşurylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, şu duşuşygyň Arkadag şäherinde geçirilmegi bu şäheriň ýurduň iri ylym-bilim, medeni we halkara merkezine öwrülýändigini tassyklaýar.
Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew öz çykyşynda Arkadag şäheriniň açylan badyna onuň türki dünýäniň wekilleriniň duşuşýan ýerine öwrülendigine ünsi çekip, bu şäheriň uly üstünligiň nyşanydygyny we “asyryň şäheri” diýlip atlandyrylmaga mynasypdygyny belledi. Şu günler TÜRKSOÝ-nyň döredilmeginiň 30 ýyllygy bellenilýär. Gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin täze sahypany açmak, guramanyň agzalarynyň arasynda hyzmatdaşlygy has-da ösdürip, XXI asyrda yz galdyrmak babatda biziň üstümize taryhy jogapkärçilik ýüklenýär diýip, Sultan Raýew aýtdy.
Mälim bolşy ýaly, häzirki döwürde Türkmenistan oňyn özgertmeler ýoluna düşüp, “akylly” şäher konsepsiýasyny durmuşa geçirmäge çalyşýar. Mysal üçin, Arkadag şäheriniň desgalary gurlanda innowasion tehnologiýalar we sanly ulgamlar işjeň ulanyldy. Ekologik meselä, şol sanda degişli talaplaryň berk berjaý edilişine hem-de binalaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berildi. Şu ýylyň 16-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bu täsin şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň düýbi tutuldy. Çykyş edenler döwür bilen deň gadam urmak üçin hökmany şertler barada aýdyp, ekologiýa, durmuş we ykdysady durnuklylygyň wajypdygyna üns berdiler. Arkadag şäheriniň “ÝHHG-niň sebitinde durnukly, “ýaşyl”, howa üçin oňaýly we innowasion çözgütli şäherleri ösdürmek” taslamasyna girizilmegi şäherde alnyp barylýan işleriň ählisiniň halkara ykrarnama eýe bolandygyna şaýatlyk edýär.
Bellenilişi ýaly, uly geljegi bolan täsin şäher ekologik nukdaýnazardan ilatyň saglygy we onuň durmuşynyň hilini ýokarlandyrmak bilen gönüden-göni baglydyr. “Akylly” şäher konsepsiýasy Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň howandarlygyndaky “Sagdyn şäherler” atly ählumumy hereketiň ýörelgelerine doly laýyk gelýär. Türkmenistandaky ilkinji “akylly” şäher taslamasy şäher medeniýeti babatda nusgalykdyr. Daşary ýurtly hyzmatdaşlar tarapyndan şäheriň gurluşyk, binagärlik, bezeg, logistika, tehnologik çözgütlerine, durmuş derejesine ýokary baha berildi. Şol çözgütler şäheriň taslamalary işlenip taýýarlanylanda we gurluşyk işleri amala aşyrylanda giňden ulanyldy. Duşuşykda çykyş edenler häzirki wagtda Türkmenistanda amala aşyrylýan, türkmen halkynyň şöhratly taryhyny we baý medeniýetini öwrenmäge, onuň maddy, ruhy mirasyny aýawly saklamaga hem-de wagyz etmäge ýardam edýän giň gerimli özgertmeleriň oňyn ornuny nygtadylar.
Duşuşyga gatnaşyjylar “Türki dünýäniň medeni paýtagty” derejesiniň indiki ýylda Änew şäherine geçýändigini belläp, türkmen döwleti hem-de onuň baý taryhy-medeni mirasa eýe bolan halky barada ýakymly sözleri aýdyp, ähli derejelerde, şol sanda ýokary derejede emele gelen gatnaşyklaryň hakyky dostluk, ynanyşmak häsiýetine eýedigine aýratyn üns berdiler.
Mälim bolşy ýaly, 2022-nji ýylda Türki medeniýetiň halkara guramasynyň hemişelik geňeşiniň nobatdaky mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň hormatyna 2024-nji ýyl “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly”, gadymy türkmen şäheri Änew bolsa 2024-nji ýylda “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýlip yglan edildi. Çykyşlarda bellenilişi ýaly, daşary ýurtlaryň döredijilik toparlarynyň we wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geljek ýyl Änewde geçiriljek medeni çäreleriň meýilnamasyny taýýarlamak boýunça işler utgaşykly alnyp barylýar. Hususan-da, ylmy maslahatlaryň, ýaşlaryň duşuşyklaryny we mediaforumlary, meşhur estrada, halk ýerine ýetirijileriniň konsertlerini, şekillendiriş, amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergilerini, fotosergileri, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärlikleri boýunça gezelençleri we beýleki köp sanly çäreleri guramak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Änewde TÜRKSOÝ-nyň howandarlygynda däp bolan döredijilik çäresi geçiriler.
Duşuşykda şeýle wakalaryň TÜRKSOÝ-nyň çäklerindäki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge täze itergi berjekdigine ynam bildirildi. Munuň özi baý türki medeniýetiň mundan beýläk-de ösdürilmegine ýardam eder.
Duşuşyga gatnaşyjylar döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowa bu çäräniň ýokary derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, türkmen döwletiniň diňe bir türki dünýäniň däl, eýsem, tutuş dünýäniň ýurtlarynyň we halklarynyň arasynda ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem işjeň çemeleşýändigini nygtadylar. Munuň özi umumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine doly laýyk gelýär.