Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Tunis Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Tarak ben Salemden ynanç hatyny kabul etdi.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy diplomaty döwlet Baştutanymyzyň adyndan jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlap, iki döwletiň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen asylly işinde üstünlikleri arzuw etdi.
Dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa hem-de ähli türkmen halkyna Tunis Respublikasynyň ýolbaşçylarynyň salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.
Duşuşygyň dowamynda ilçi Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň, abadançylygyň bähbidine giň gerimli halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek şol syýasatyň möhüm ugurlarynyň biridir. Şeýle hem diplomat ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda amala aşyrylýan giň gerimli durmuş-ykdysady özgertmeler, Mejlisiň düzümi we alyp barýan işleri bilen tanyşdyryldy.
Jenap Tarak ben Salem Tunisiň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, dürli ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklary ösdürmäge hemmetaraplaýyn ýardam bermäge taýýardygyny tassyklady. Şunda parlamentara gatnaşyklaryň aýratyn orny bellenildi.
Duşuşygyň ahyrynda iki tarapyň hem bähbitlerine doly laýyk gelýän, özara hormat goýmak, oňyn hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan, däp bolan döwletara dialogyň mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirildi.
***
Onuň Alyhezreti,
Türkmenistanyň Prezidenti
jenap Serdar Berdimuhamedowa
Ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyarmak maksady bilen, men jenap Tarak ben Salemi Tunis Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim. Onuň şahsy häsiýetleri hem-de ýokary hünär derejesi öz üstüne ýüklenen wezipäni Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyny we hormatyny gazanmaga mynasyp derejede ýerine ýetirjekdigine ynam döredýär.
Şunuň bilen baglylykda, Sizden oňa goldaw bermegiňizi, Size biziň adymyzdan ähli beýan etjeklerine, hususan-da, Siziň Alyhezretiňize belent hormat we dostluk baradaky ynandyrmalarymy ýetirende doly ynanmagyňyzy haýyş edýärin.
Tüýs ýürekden hormatlamak bilen,
Kais Said,
Tunis Respublikasynyň Prezidenti.