Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitinde sanly ulgam arkaly çykyş edip, ŞHG bilen gatnaşyklaryň biziň ýurdumyz üçin halkara hyzmatdaşlygyň strategiýasynyň möhüm bölegi bolup durýandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiziň aýtmagyna görä, ŞHG agza döwletler, oňa synçy hökmünde gatnaşýan ýurtlar Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary, goňşulary we dostlarydyr. Şunuň bilen baglylykda bu gurama bilen gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly ösüşi, dünýä we sebit işlerine ýurdumyzyň gatnaşmagynyň umumy ugry bilen utgaşýandygy nygtaldy.
Şeýle-de Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ykdysady, maýa goýum, ulag, energetika we beýleki ugurlarda öňe sürýän başlangyçlaryna Türkmenistanyň uly gyzyklanma bilen garaýandygy, bu başlangyçlary durmuşa geçirmäge ýurdumyzyň özara bähbitli, uzak möhletleýin esasda gatnaşmagynyň oňat mümkinçiliklerini görýändigi aýdyldy.
Şeýle işiň uly geljeginiň bardygyny bellemelidiris. Bu bolsa biziň ýurtlarymyzyň kuwwatly serişde, önümçilik binýady, aýratyn-da, soňky ýyllarda ulag-logistika, aragatnaşyk we kommunikasiýalar ulgamlarynyň ösmegi bilen baglydyr. Ol özara ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesiniň toplanandygy we başga-da birnäçe mümkinçilikler bilen şertlenendir diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy.
«Sebäbi diňe pugta parahatçylyk, durnukly howpsuzlyk üpjün edilende, ykdysady hyzmatdaşlygyň üstünlikli boljakdygy äşgärdir. Türkmenistan bu örän möhüm iki wezipäni amala aşyrmakda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyr» – diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.