Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Sammitinde sanly ulgam arkaly çykyş edip, işleriň birnäçe anyk ugurlaryna üns bermegi teklip etdi.
Döwlet Baştutanymyz, birinjiden, kiberhowpsuzlyk we biohowpsuzlyk ulgamynda syýasy-diplomatik hyzmatdaşlygy ýola goýmagy teklip etdi.
Hormatly Prezidentimiziň pikirine görä, ikinjiden, täze yklymara we sebit üstaşyr ulag geçelgelerini döretmäge, bar bolanlarynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen logistik işiň amatly usulyny emele getirmeli.
Döwlet Baştutanymyzyň aýtmagyna görä, üçünjiden, energiýa serişdelerini diwersifikasiýa ýoly bilen ibermek boýunça bilelikdäki taslamalary meýilleşdirmek arkaly yzygiderli we uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk üçin şertleri döretmek gerek. Gürrüň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň zerurlyklaryny üpjün etmek we geljekde daşarky bazarlara çykmak barada barýar; dördünjiden, ýokary tehnologiýalar ulgamynda netijeli hyzmatdaşlyk etmek üçin binýady döretmek diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.
Bäşinjiden, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawy goramak, ekologiýa babatda bilelikdäki işleri utgaşdyrmak bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjyny durmuşa geçirmäge gatnaşmak mümkinçiligine seretmegi ähli gyzyklanýan taraplara teklip etdi.
Ýokarda bellenip geçilen ugurlaryň her biri boýunça ilkinji ädim hökmünde bilermenleriň derejesinde geňeşmeleri geçirmegi maksadalaýyk hasaplaýaryn. Şeýle geňeşmeleriň biziň şertlerimize we zerurlyklarymyza oňat baha bermäge, şonuň esasynda mundan beýläk-de bilelikde işlemegiň ýollaryny kesgitlemäge mümkinçilik berjekdiginden ugur alýarys diýip, döwlet Baştutanymyz beýan edilen başlangyçlary durmuşa geçirmegiň ilkinji nobatdaky çärelerini kesgitledi.
Hyzmatdaşlygyň bu görnüşi Türkmenistan – Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasy boýunça gatnaşyklaryň beýleki möhüm ugurlarynda hem ulanylyp bilner we hyzmatdaşlyga yzygiderlilik häsiýetini berer diýip hasap edýärin. Şeýle-de ol medeni-ynsanperwer, ylym-bilim, saglygy goraýyş ulgamlarynda-da ulanylyp bilner diýip pikir edýärin diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.