Ï Bol hasylyň buşlukçysy: gowaçalar gülläp başladylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Bol hasylyň buşlukçysy: gowaçalar gülläp başladylar

view-icon 3974
Bol hasylyň buşlukçysy: gowaçalar gülläp başladylar

Lebap welaýatynyň gündogar etraplarynda gowaçalar köpçülikleýin gülläp başladylar. Bu bol pagta hasylynyň buşlukçysydyr. Gündogar sebtiň oba hojalykçylary şu oba hojalyk ýylynda 130 müň gektar ýerde gowaça ekip, ondan bol pagta hasylyny almaklygy meýilleşdirýärler.

Welaýatyň görseň gözleriňi dokundyrýan gowaçaly meýdanlarynda ekinlere ideg etmek işleriniň agrotehnikanyň talaplaryna laýyk alnyp barylmagy gowaçalaryň kadaly boý almagyna we hasyla durmagyna ýardam etdi.

Gowaçalardan bol hasyl almakda möhüm orun eýeleýän suwarmak işleriniň kadaly ýola goýlandygyny bellemek bolar. Häzirki wagtda gowaçalara 2-nji ösüş suwuny tutmak işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar.

Şeýle hem bu işde ýokary öndürijilikli tehnikalaryň we kämil oba hojalyk gurallarynyň hem-de tirkegleriniň netijeli peýdalanylmagy işleriň barha ilerlemegine ýardam edýär. Welaýat boýunça häzirki döwürde 45 göterimden gowrak, ýagny 50 müň gektara golaý ýerde 4-nji hatarara bejergi işleri geçirildi. Gowaçalara tehniki hyzmat etmekde Çärjew etrabynyň mehanizatorlarynyň ýokary netijeler gazanýandyklary, bu ýerde işleriň has-da sazlaşykly ýola goýlandygynyň subutnamasydyr.

Etrapda gündelik hatarara bejergi geçirilýän ýeriň mukdary 1 müň 200 gektardan geçýär. Şeýle hem bu işde welaýatyň Halaç, Dänew, Saýat etraplarynyň oba hojalykçylary tapawutlanýarlar. Mehanizatorlardan ýokary ussatlygy talap edýän bu möhüm agrotehniki çäräniň ýokary hil derejesinde geçirilýändigini belläp geçmek maksada laýykdyr. Gowaça bejergisinde işledilýän tehnikalaryň gurat we saz işledilmeginde welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň etraplardaky tehniki hyzmat ediş kärhanalaryna hem aýratyn paý degişlidir.