“Zehinli Ýoldaş Logistic” (ZNY Logistics) kärhanasy telekeçilik ugrunda iş alyp barmak bilen, ýük daşamak boýunça kärhanalaryň esasy zerurlyklaryna laýyk gelýän hususy ugurlaryny hödürleýär. Ähli yklymlarda hyzmatdaşlary bolansoň, “ZNY Logistiks” ygtybarly hem ýokary hilli logistika hyzmatlarynyň doly toplumyny amala aşyrýar.
“ZNY Logistiksiň” hünärmenleri häzirki wagtda ygtybarlylygy we ýokary hili bilen tapawutlanýan logistika hyzmatlarynyň giňişleýin toplumyny hödürleýärler. Olar ýüki eltmegiň iň amatly ugruny işläp düzýärler, zerur resminamalary taýýarlaýarlar we ýüki öz wagtynda ylalaşylan ýere ýetirýärler. Mundan başga-da, buýrujylaryň rahatlygy üçin ýüküň geçen ýoluny yzarlaýyş hyzmaty-da bar.
Bütin dünýä boýunça ygtybarly kompaniýalar bilen uzak möhletleýin hyzmatdaşlygyň netijesinde, “ZNY Logistics” hiç bir kynçylyksyz multimodal çözgütleri we ýük eltip bermegiň birleşdirilen ugurlaryny işläp düzýär.
“ZNY Logistiks” barmasy kyn sebitlerde işleýär we “gapydan – gapa” ýörelgesine laýyklykda, çarter uçuşlaryny guraýar. Ýükleriň aýratynlyklaryny göz öňünde tutmak bilen, howpsuz we çalt eltilmegini kepillendirýär. Kärhananyň işlän üç ýylynyň dowamynda ortaça 120 – 140 müň tonna ýük daşalypdyr.
“ZNY Logistiks” ýüki islendik ulag görnüşi – awtomobil, howa, demir ýol we deňiz ulagy arkaly çalt we ygtybarly eltmek üçin, iň amatly logistika çözgütlerini hödürleýär. Mundan başga-da, bu kärhana ýükleri konteýnerlerde we sowadyjylarda daşamak, şeýle hem dünýäniň islendik ýerinde ammar, ýükleme/düşürme, gümrük taýdan resmileşdirme we resminamalary ygtybarly dolandyryş hyzmatlary bilen üpjün edýär.
“Zehinli Ýoldaş Logistiks” ýygnama we gapgarylýan ýükleri, laýyk däl gabaraly we howply ýükleri, tiz zaýalanýan harytlary, şeýle hem käbir himiki maddalary eltip bermegi boýun alýar. Mundan başga-da, şereket ýükleri jebisleşdirmegi we aýratyn sargyt boýunça harytlary eltip bermegi amala aşyrýar.