Ï Balkanda bakja önümleriniň bolçulygy artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Balkanda bakja önümleriniň bolçulygy artýar

view-icon 5018
Balkanda bakja önümleriniň bolçulygy artýar

Ýurdumyzyň Günbatar sebitiniň uzaklara ýaýylyp gidýän bereketli meýdanlarynda şu ýyl bakja ekinleriniň bol hasyly ýetişdirildi. Şeýlelikde, Balkan welaýaty boýunça üstümizdäki ýylda 2620 gektar bakja meýdanyndan 52400 tonna hasyl almak maksat edinilýär.

Häzirki wagtda şeýle asylly maksada abraý bilen hötde gelýän welaýatyň hasyl ussatlary ekin meýdanlaryndaky gawundyr garpyz hasylyny ýygnamak işlerini gowşamaýan depginlerde guramaçylykly dowam etdirýärler. Bu möhüm işde welaýatyň babadaýhanlary ýokary netijeleri gazanyp, gök-bakja önümleriniň dürli görnüşlerini ösdürip ýetişdirmekde nusgalyk işleri bitirdiler.

Günbatar sebitiň Magtymguly etrabynyň bagbanlary nar, injir, hoz, Etrek etrabynyň bagbanlary hem zeýtun ýaly miweleri taýýarlamakda adygan bolsalar, Gyzylarbat, Bereket etraplarynyň daýhanlary-da bakja önümleriniň ençeme görnüşlerini ösdürip ýetişdirmekde baý iş tejribeler toplap, öz ussatlyklaryny subut etdiler.

Şu günlerde olaryň Garagum derýasynyň boýundaky ekerançylyk meýdanlarynda alyp barýan netijeli işleri hem belent sepgitleriň gazanylýandygyna aýdyň güwä geçýär. Has takygy, Diýarymyzda azyk önümleriniň bolçulygyny döretmek, bazarlarymyzy gök-bakja we miwe önümleri bilen dolduryp, ilatymyza elýeterli bahalardan ýetirmekde balkanly bakjaçylar has-da tutanýerli zähmet çekýärler. Olar jennetiň nygmaty hasaplaýan gawunlaryň “waharman”, “gyzyldepe”, “gülaby”, “garrygyz” ýaly birnäçe görnüşlerinden ýylyň-ýylyna bereketli hasyl alýarlar. Welaýatyň bakja ösdürip ýetişdirýän daýhanlarynyň hasyllaryna diňe bir welaýatyň çäginde däl, eýsem paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, şeýle-de beýleki welaýatlaryň merkezlerinde hem uly isleg bildirilýär. Hut şeýle bolansoň, ekologik taýdan arassa datly tagamlara, süýji şerbetlere eýe bolan gawun-garpyzlary ösdürip ýetişdirmegiň ussady bolan balkanly babadaýhanlar öz ýetişdiren nygmatlaryny ýurdumyzyň bazarlaryna, söwda nokatlaryna ugradyp, dessine sarp edijilere ýetirýärler.