Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bina edilen Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Ukrainadan hoşallyk haty gelip gowuşdy. Şanly waka mynasybetli bu ýerde geçirilen dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, gaznanyň müdiriýetiniň agzalary, Arkadag şäheriniň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, şeýle-de Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi gatnaşdylar.
Türkmen halkynyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine eýermek bilen, şu ýylyň mart aýynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy Ukrainanyň çagalaryna ynsanperwerlik kömegini iberdi. Munuň özi halkymyzyň mätäçlik çekýänlere doganlyk goluny uzatmak ýaly asylly ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň nobatdaky subutnamasydyr.
Hoşallyk hatynda Ukraina Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginden degişli derman we lukmançylyk serişdeleriniň, Dokma senagaty ministrliginden harytlaryň, şeýle hem ýurdumyzyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden azyk önümleriniň ugradylandygy bellenilýär.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň belleýşi ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan bilen Ukrainanyň arasyndaky gatnaşyklar özara hormat goýmak, deňhukuklylyk, ynanyşmak ýörelgelerine daýanýar we netijeli hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar. Ukrainanyň çagalaryna ynsanperwerlik ýüküniň iberilmegi biziň halkymyzyň gadymdan gelýän ynsanperwerlik ýörelgelerine, dostluga ygrarlydygynyň nyşanydyr. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna Türkiýe Respublikasyna we Owganystana hem ynsanperwerlik ýükleri iberildi. Munuň özi halkymyzyň hemaýata mätäçlere duýgudaşlyk bildirmek, ýardam etmek ýörelgeleriniň mynasyp dowam etdirilýändiginiň aýdyň güwäsidir.
Soňra Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi W.Maýko çykyşynda ukrain halkynyň adyndan hem-de öz adyndan Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize ynsanperwerlik kömegi üçin hoşallygyny beýan edip, türkmen halkynyň Milli Lideriniň: “Çagalar hakyndaky alada röwşen geljek baradaky aladadyr” diýen parasatly sözlerini mysal getirdi.
Ilçi hoşallyk haty bilen birlikde, haýyr-sahawat gaznasyna Türkmenistandan sowgatlary alan Ukrainanyň dürli sebitlerinden bolan çagalaryň şadyýan keşbini şekillendirýän fotosuratlary gowşurdy.
Hoşallyk hatynda “Belozersk hassahanasy” täjirçilik bolmadyk jemagat kärhanasynyň baş lukmany, “OHMATDET” milli ýöriteleşdirilen çagalar hassahanasynyň baş direktory we beýlekiler türkmen tarapyna çuňňur hoşallyklaryny beýan edipdirler.
Ukrainanyň Türkmenistandaky doly ygtyýarly wekiliniň belleýşi ýaly, ynsanperwerlik kömegini almak ukrain çagalarynyň durmuşynda şatlykly waka boldy. Mätäçlik çekýänlere ýardam bermek Gahryman Arkadagymyzyň esaslandyran haýyr-sahawat gaznasynyň ýurtlaryň we halklaryň arasynda dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ähmiýetli ornunyň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkeziniň baş direktory M.Öküzowa hoşallyk hatyny hem-de fotosuratlary kabul edip, olaryň Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň muzeýinde goýuljakdygyny aýtdy. Merkeziň ýolbaşçysy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen gazna tarapyndan diňe bir türkmen çagalaryna däl, dünýäniň dürli ýurtlarynyň çagalaryna-da yzygiderli ynsanperwerlik kömeginiň iberilýändigini belledi. Häzirki wagtda haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezi körpelerde bagtyýar durmuşa umyt uçgunyny döredýär.
Milli Liderimiziň we Arkadagly Serdarymyzyň tagallalary netijesinde, çagalarymyzyň hemişe üns-alada bilen gurşalandygyny nygtap, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň wise-prezidenti ýurdumyzyň Ukraina iberen ynsanperwerlik kömeginiň ähmiýetini belledi. Türkmen halkynyň Milli Lideriniň hem-de hormatly Prezidentimiziň uly aladalary esasynda dürli ýurtlara yzygiderli ýagdaýda ynsanperwerlik ýükleri iberilýär. Bu bolsa halklaryň arasynda dost-doganlygyň pugtalandyrylmagyna ýardam berýär. Türkmenistan öz ösüşiniň täze eýýamynda beýleki ugurlar bilen bir hatarda, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeňleşdirýär, dünýä giňişligindäki abraýyny barha ýokarlandyrýar.
Soňra dabara gatnaşyjylar Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky çagalar sagaldyş-dikeldiş merkezinde näsag çagalary bejermek, olaryň saglygyny dikeltmek üçin döredilen şertler bilen tanyşdyryldy. Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi merkeziň mümkinçiliklerine ýokary baha berdi.
Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň atalyk aladasy netijesinde, ýurdumyzyň ýaşajyk raýatlary söýgi we alada bilen gurşalandyr. Maşgala goldaw bermek, eneligi, çagalygy goramak, ýaş nesle döwrebap derejede terbiýe hem bilim bermek hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Beýleki ýurtlaryň çagalaryna-da ynsanperwerlik kömeginiň iberilmegi Bitarap Türkmenistanyň ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara goldaw bermek ýörelgelerine ygrarlydygyny görkezýär.