Ï Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlarynyna ýetmekdäki ikinji Meýletin milli synyny hödürledi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlarynyna ýetmekdäki ikinji Meýletin milli synyny hödürledi

view-icon 4259
Türkmenistan Durnukly ösüş maksatlarynyna ýetmekdäki ikinji Meýletin milli synyny hödürledi

2023-nji ýylyň 19-njy iýulynda Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli foruma gatnaşýan Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri S.Joraýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Durnukly ösüş maksatlarynyna ýetmekdäki ikinji Meýletin milli syny hödürledi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Hasabatyň tanyşdyrylyşynda wekiliýet foruma gatnaşyjylara 2019-njy ýylda ilkinji Synyň hödürlenenden bäri geçen döwürde Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlary, şeýle hem durnukly ösüşi gazanmaga gönükdirilen orta we uzak möhletli milli maksatnamalaryň we strategiýalaryň durmuşa geçirilişi barada maglumat berdi.

Tanyşdyrylyşda görkezilen wideo şekiller ýurduň Durnukly ösüş maksatlarynynyň görkezijilerini milli derejede uýgunlaşdyrmakda gazanan üstünliklerini, şeýle hem Türkmenistanyň sebitleýin we dünýä derejesinde durnukly ösüşi üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlaryny görkezdi. Hususan-da, ulag, energetika we ekologiýa ýaly möhüm ugurlara aýratyn üns berildi.

Bu ikinji Meýletin milli syn aşakdaky esasy aýratynlyklara eýe bolup durýar.

Birinjiden, BMG tarapyndan maslahat berlen hasabat maksatlaryna Synda ýurduň ösüşiniň esasy strategiki ugurlaryny görkezýän Durnukly ösüş maksatlarynynyň goşmaça alty sanysy bar. Olar: saglygy goraýyş, ýokary hilli we inklýuziw bilim, azyk howpsuzlygy, gender deňligi, adamlaryň abadançylygyny ýokarlandyrmak, daşky gurşawy goramak.

Ikinjiden, Synda Türkmenistanyň pandemiýa garşy göreşmek boýunça milli tejribesi görkezilýär, munuň netijesinde ýurduň diňe bir ykdysady ösüş depginini gorap saklamak bilen çäklenmän, eýsem, esasy makroykdysady görkezijileri hem ýokarlandyryp bilendigi bellenýär.

Üçünjiden, Durnukly ösüş maksatlarynynyň netijeli durmuşa geçirilmegini üpjün etmek üçin institusional binýady gowulandyrmak boýunça öňegidişlik beýan edilýär, munuň netijesinde sanlylaşdyrmagyň, telekeçiligiň ösmegi hem-de milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda innowasion we ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary ulanmak üçin yzygiderli şertler döredilýär.

Dördünjiden, Durnukly ösüş maksatlaryny ornaşdyrmak üçin strategiki maksatnamalaýyn resminamalara baha berildi. Munuň özi, 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň maksatlarynyň milli strategiýalara, maksatnamalara we hereketleriň meýilnamalaryna ýokary derejede uýgunlaşmagynyň 85%-ni görkezdi. Şeýlelik bilen, tamamlanan we täze kabul edilen ýurt maksatnamalarynda Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilmeginiň üznüksizligi üpjün edilýär.

Meýletin milli synyň tanyşdyrylyşyna şeýle hem Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa, Türkmenistanyň statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary G.Annaniýazowa, Durnukly ösüş maksatlarynyň ýaş ilçileri E.Açilowa we J.Gurbanmyradow gatnaşdylar.

Synyň doly görnüşi BMG-niň we Ýokary derejeli syýasy forumyň resmi sahypalarynda şu salgy boýunça ýerleşdirilen. 

Esasy hasabatyň ahyrynda sorag-jogap alyşyldy, oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň wekiliýetine sorag bermäge we Milli syn barada teswir bermäge mümkinçilik aldylar.