Düýn sanly ulgam arkaly geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde ykdysadyýet boýunça wise-premýer H.Geldimyradow ýurdumyzyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodeksine laýyklykda taýýarlanan Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalary bellemegiň tertibiniň hem-de Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalary bellemek boýunça toparyň düzüminiň taslamalary barada aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, “Döwlet adam üçindir!” diýen ýörelgäniň ýurdumyzyň amala aşyrýan durmuş syýasatynyň esasy ýörelgesi bolup durýandygyny belledi. Şundan ugur alyp, bu ulgamdaky gatnaşyklary kadalaşdyrýan kanunçylyk namalaryny döwrüň talaplaryna laýyk getirmäge aýratyn üns berilýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.