Ï Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Alýat portunyň arasynda konteýnerli ýük daşamak ösdürilýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Alýat portunyň arasynda konteýnerli ýük daşamak ösdürilýar

view-icon 4480
Türkmenbaşy Halkara deňiz porty bilen Alýat portunyň arasynda konteýnerli ýük daşamak ösdürilýar

Ýylyň birinji ýarymynda Türkmenbaşy (Türkmenistan) we Alýat (Azerbaýjan Respublikasy) portlarynyň arasynda konteýnerli daşalan ýüküň möçberi esli artdy. «Deňiz söwda floty» ÝGPJ-niň metbugat gullugynyň habaryna görä, 2023-nji ýylyň ýanwar – iýun aýlarynda bu ugurda daşalan konteýnerleriň umumy sany 2362 TEU bolup, 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 2,9 esse köpdür. Häzirki wagtda «Balkan» fider gämisi Türkmenbaşy portundan Alýat portuna we yzyna konteýnerli ýük daşamagy dowam etdirmek bilen, şu usulda daşalýan ýüküň möçberini artdyrýar.

2023-nji ýylyň 6 aýynyň dowamynda daşalan konteýnerleriň umumy sanyndan 25%-i import ýükli, 34%-i eksport ýükli, 41%-i bolsa tranzit konteýnerler. Bu Türkmenbaşy Halkara portunyň halkara söwda ugurlarynyň möhüm bir halkasy hökmünde üstaşyr mümkinçiliginiň ösýändigine şaýatlyk edýär.

Geografiýa taýdan amatly ýerleşen Türkmenistan we Azerbaýjan üçin ulag we tranzit infrastrukturasynyň ösmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Şundan ugur almak bilen, bu ýurtlar halkara ykdysady we söwda hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarmak üçin, ulag mümkinçiliklerini yzygiderli ösdürýärler, ulag pudagynda iri halkara we sebit taslamalaryna başlaýarlar we durmuşa geçirýärler.

Ýakynda Türkmenistanyň ulag, logistika we söwda pudagyna degişli birnäçe döwlet hem hususy gurluşyň ýolbaşçylaryny öz içine alýan wekiliýeti Alýat erkin ykdysady zolagyna (AFEZ) we Baku halkara deňiz söwda portuna baryp, Azerbaýjan tarapy bilen mundan beýläkki hyzmatdaşlygyň meselelerini ara alyp maslahatlaşdy. Saparyň maksady Merkezi Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda ýük daşamaklygy artdyrmakda Azerbaýjan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek mümkinçiliklerini ýüze çykarmak boldy.