Ï Daşoguz welaýatynyň ilaty ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün edilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Daşoguz welaýatynyň ilaty ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün edilýär

view-icon 4993

«Türkmengeologiýa» Döwlet korporasiýasynyň Daşoguz gidrogeologiýa ekspedisiýasynyň hünärmenleri tarapyndan buraw işleriniň ýarym ýyllyk meýilnamasy 120,6 göterim ýerine ýetirildi. Kärhananyň işgärleri tassyklanan iş tertibine laýyklykda uly göwrümli dürli işleri alyp barýarlar. Mundan başga-da, ýerasty suwlar düýpli öwrenilýär we olaryň geoekologiki suratlary alynýar.

Akdepe etrabynyň «Agzybirlik», «Ak altyn», «Täze zaman», «Gyzyl takyr», «Ak bugdaý», Boldumsaz etrabynyň «Guwanç Atamedow» obalaryndaky agyz suwlarynyň hili öwrenildi.

Akdepe etrabynyň «Zähmet» obasynyň ilatyny agyz suwy bilen üpjün edýän gözleg-burawlaýyş işleri tamamlandy we bu baradaky hasabat «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasyna ugradyldy.

«Altyn asyr» türkmen kölüniň akymynyň ugrunda ýerleşýän medeni we sähra zolaklaryny öz içine alýan ýerlerde meýdan şertlerinde dürli ugurly işler alnyp baryldy.

Daşoguz welaýatynyň ilatyny ýokary hilli agyz suwy bilen üpjün etmek we suw üpjünçiligi ulgamyny yzygiderli kämilleşdirmek, suw ätiýaçlyklaryny tygşytly we ýerlikli ulanmak işleri berk tertipde alnyp barylýar.

Sebitde agyz suwunyň täze çeşmelerini gözlemekde we ony ulanyşa bermekde Daşoguz welaýatynyň gidrogeologik ekspedisiýasynyň işgärleri özleriniň mynasyp goşantlaryny goşýarlar hem-de görkezijileriniň yzygiderli ýokary bolmagyny gazanýarlar.