Ï HJ «Ýigit» Amsterdam şäherinde geçirilýän «GreenTech Amsterdam» sergisine gatnaşýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

HJ «Ýigit» Amsterdam şäherinde geçirilýän «GreenTech Amsterdam» sergisine gatnaşýar

view-icon 6414
HJ «Ýigit» Amsterdam şäherinde geçirilýän «GreenTech Amsterdam» sergisine gatnaşýar

«GreenTech Amsterdam» halkara sergisi her ýyl geçirilip, ol dünýäde oba hojalyk pudagynda öndürilýän önümleri tanyşdyrmagy hem-de hyzmatdaşlyk etmekde işewürler bilen gepleşikleri geçirmegi maksat edinýär.

Ýeri gelende bellesek, oba hojalyk sergisine 128 döwletden wekiller gatnaşyp, sergä gatnaşyjylaryň sanynyň geçen ýyl bilen deňeşdirilende 7 göterim artandygyny bellemek bolar.

Sergä gatnaşýan ýyladyşhana toplumlaryna, oba hojalyk tehnologiýalaryna gyzyklanma bildirýänleriň sany 11500-e ýetdi. 

Häzirki wagtda «Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň Ahal werlatynda 70 gektar meýdanda ýyladyşhana toplumy bar.

Bu möwsümde bolsa ýyladyşhana ulgamynyň meýdanyny ýene-de 20 gektar giňeltmek meýilleşdirilýär.

Ýyladyşhana toplumynda pomidorlaryň dürli görnüşleri ýetişdirilýär.

Önümleriň 90 göterimi Gazagystan, Gyrgyzystan, Russiýa, Belarus, BAE, Täjigistan we Owganystan ýaly ýurtlara eksport edilýär.

«Ýigit» hojalyk jemgyýetiniň önümlerine bolan isleg barha artýar. Bu hojalyk jemgyýetiniň ýurdumyzda ilkinji bolup «Global G.A.P» şahadatnamasyna eýe bolandygyny-da belläp geçmek gerek.