Ï Türkmenistanyň DIM-nde German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýolbaşçysy bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň DIM-nde German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýolbaşçysy bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

view-icon 3564
Türkmenistanyň DIM-nde German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň ýolbaşçysy bilen hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün, 2023-nji ýylyň 25-nji iýulynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistana sapar bilen gelen German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň Baş direktory Mihael Harms bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär. 

Gepleşikleriň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibini ara alyp maslahatlaşdylar, şunuň bilen bilelikde, söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşinde oňyn netijeler nygtaldy.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk ösdürmekde ileri tutulýan ugurlar barada aýtmak bilen, R.Meredow “ýaşyl” tehnologiýalar, önümçilik pudagynda, energetika, oba we suw hojalygy, şeýle hem bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň möhümdigini belledi.