Ï Okuw-hyzmat ediş merkezi gurulýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Okuw-hyzmat ediş merkezi gurulýar

view-icon 4486
Okuw-hyzmat ediş merkezi gurulýar

Daşoguz şäherinde “KAMAZ” awtomobillerini abatlamak we bejergi hyzmatlary boýunça okuw-hyzmat ediş merkeziniň gurluşygy dowam edýär. Ol “Ysmaýyl gurluşyk hyzmatlary” hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri tarapyndan welaýatyň edara ediş merkezinden halkara howa menziline barýan ýoluň ugrunda, şäherde gurulýan täze iri ýaşaýyş jaý toplumynyň ýanynda gurulýar.

Täze binanyň umumy meýdany bir gektar. Bu ýerde dürli desgalar, şol sanda edara jaýlary bolan modul kysymly iki gatly bina, abatlaýyş bölümi we awtoulag ýuwalgasy gurlar. Merkeziň çäginde ammar, üsti ýapyk awtoulag duralgasy, dürli meýdançalar we beýlekiler gurlar. Täze binada merkeziň kadaly işlemegini üpjün edip biljek ähli zerur tehniki desgalar bolar. Şu güne çenli bu ýerde uly möçberde gurluşyk we gurnama işleri, şol sanda esasy binanyň we ammaryň demir konstruksiýalarynyň, suw howdanlarynyň gurluşygy tamamlandy. Okuw we hyzmat merkeziniň tutuş meýdanynyň daşyna häzirki zaman şäher meýilnamalaşdyryş talaplaryna laýyklykda, haýat aýlamak, abadanlaşdyrmak we yşyklandyrmak meýilleşdirilýär.

Täze okuw we hyzmat merkezi işe girizilenden soň “KAMAZ” awtoulaglarynyň ähli görnüşleriniň ýagdaýyny anyklamak, olara hyzmat etmek we abatlamak üçin häzirki zaman enjamlary bilen üpjün ediler. Bu köp ugurly edara, baglaşylan şertnamalaryň esasynda hereket etmek bilen, sebitde bar bolan “KAMAZ” ýük awtoulaglaryna ýokary derejede hyzmat eder.