Ï Galla önümleriniň bolçulygy artýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Galla önümleriniň bolçulygy artýar

view-icon 8853
Galla önümleriniň bolçulygy artýar

Ýetişdirilen bereketli bugdaýyň oňat hilli saklanyp, gaýtadan işlenilip, içerki we daşarky sarp edijilere ýetirilmegi üçin Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň Günbatar sebitiň Gyzylarbat etrabynda ýerleşýän «Balkangallaönümleri» önümçilik birleşigi tarapyndan kärhananyň önümçilik kuwwatlyklarynyň hyzmatyndan diýseň netijeli peýdalanylýar. Welaýatyň Gyzylarbat etrabynyň Sarp obasyndaky bu önümçilik kärhanasynda işler guramaçylykly amala aşyrylýar. Kärhanada işleriň göwnejaý guralmagy, ak bugdaýyň ygtybarly saklanylmagy, onuň gaýtadan işlenilip, ýokary hilli un önümleriniň öndürilmegi doly üpjün edilýär. Şeýle-de bu ýerde oturdylan kämil desgalaryň we kuwwatly enjamlaryň ýerli hünärmenler tarapyndan bökdençsiz işledilmegi işleriň oňat hilini we netijeliligini şertlendirýär.

Kuwwatly kärhananyň ýanynda birwagtlaýyn 50 müň tonna däne saklamak üçin niýetlenen elewator bar. Ýeri gelende aýtsak, Balkan welaýatynyň oba hojalykçylary şu ýyl döwlet harmanyna däne tabşyrmak baradaky meýilnamalaryny ýurdumyzda ilkinji bolup, abraýly berjaý etdiler. Bu günki gün bolsa balkanly öňdebaryjy gallaçylaryň mes toprakly ýerlerde ýetişdirip, ýygnap alan ak bugdaý hasyly nusgalyk hil derejesinde saklanylýar. Şeýle hem galla hasylyny taýýar azyk önümlerine öwürmekde ýylda 50 müň tonna un öndürýän, bir gije-gündizde 200 tonna däne üwäp bilýän ösen döwrebap kärhana netijeli işledilýär. 

Şu ýylyň geçen birinji ýarymynda bu ýerde meýilnamada göz öňünde tutulan 14468 tonna derek 20810 tonna bugdaý gaýtadan işlenilip, meýilnama artygy bilen hötde gelindi. Şeýlelikde, geçen alty aýyň jemi boýunça 10405 tonna derek 15607 tonna un taýýarlanyp, degişli meýilnama 143,8 göterim ýerine ýetirildi. Şonuň ýaly-da gürrüňi edilýän döwürde mallar üçin taýýarlanan kepegiň möçberi 4726 tonna deň bolup, önüm öndürmekde görnükli ösüş depgini üpjün edildi.