Ï Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan hyzmatdaşlygy giňeldýärler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan hyzmatdaşlygy giňeldýärler

view-icon 4582
Türkmenistan, Täjigistan we Özbegistan hyzmatdaşlygy giňeldýärler

Aşgabat Täjigistanyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň nobatdaky saparyna garaşýar.

Goňşy döwletleriň Baştutanlary Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň üçtaraplaýyn sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelerler.

Merkezi Aziýanyň üç ýurdunyň Baştutanlary ilkinji gezek bu täze formatda duşuşarlar we sebitiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Mälim bolşy ýaly, soňky ýyllarda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň üç dogan halkynyň arasyndaky gatnaşyklary täze derejä çykdy. Bu gatnaşyklaryň binýady ýakyn goňşularyň taryhy özara peýdaly hyzmatdaşlygynda esaslanýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky gatnaşyklar Prezidentleriň we resmi wekiliýetleriň gatnaşmagynda geçirilen köp sanly resmi we iş duşuşyklary şeýle hem gepleşikleri bilen pugtalandyryldy.

Döwletleriň Prezidentleri duşuşyklarda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn türkmen-täjik gatnaşyklarynyň gün tertibinde möhüm meselelere garadylar we geljekki hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny hem-de mümkinçiliklerini kesgitlediler.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösmegi bilen döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň şertnama-hukuk binýady hem berkidildi. Häzirki wagtda iki döwletiň tarapyndan kabul edilen resminamalaryň giň toplumy syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer, maýa goýumlary, salgyt we gümrük ugurlaryndaky hyzmatdaşlygyň esasyny düzýär.

Häzirki wagtda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary energiýa, transport we oba hojalygydyr. Demir ýol gatnawlary we halkara ýol ulaglary pudagynda üstünlikli hyzmatdaşlyk ýola goýuldy.

Ynsanperwer gatnaşyklarynyň çäklerinde ýurdumyzda Täjigistanyň Medeniýet günleri we Täjigistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirilýär. Iki ýurduň medeniýet we sungat işgärleriniň konsert çykyşlarynyň yzygiderli gurnalýar.

Ylym we bilim ulgamynda hyzmatdaşlyk hem ýola goýuldy. Şeýlelik-de, ýurdumyzyň talyplary Täjigistanyň ýokary okuw mekdeplerinde we Türkmenistanyň bilim edaralarynda täjigistanly talyplar hem okaýar.

Iki ýurduň parlamentleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk täze derejä çykdy, bu Türkmenistanyň we Täjigistanyň ilatynyň has ýakyn gatnaşyklary gurmak, halklaryň mümkinçiliklerine we zerurlyklaryna laýyklykda köptaraplaýyn hyzmatdaşlyga bolan islegine täsir etdi.

Soňky onýyllyklarda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasynda dostlukly we doganlyk gatnaşyklary ösdirildi. Soňky ýyllarda ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklar ýokary ösüşiň mazmuna eýe boldy.

Iň ýokary we Hökümet derejesinde yzygiderli aragatnaşyklar döwletara hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagyna, dürli mümkinçilikleriň netijeli durmuşa geçirilmegine goşant goşdy. Tejribe, ýokary derejeli duşuşyklaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasynda, halkara guramalarynyň üsti bilen gurnalan konstruktiw gepleşiklere güýçli itergi berýändigini görkezdi.

Türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ösüşinde we işjeňleşdirmeginde itergi Prezident Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistana we hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Özbegistana saparlary boldy.

Geçen ýyl Ş.Mirziýoýewiň resmi saparyň dowamynda Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama gol çekildi we gatnaşyklary giňeltmek boýunça ondan gowrak resminama kabul edildi. 

Özbegistan we Türkmenistan umumy taryhy köklere eýe iki döwletdir. Ýurtlar dininde, dilinde, medeniýetinde we milli däplerde meňzeşlik esasynda hyzmatdaşlygy berkidýärler.

Türkmenistan we Özbegistan serhetüsti derýalaryň suw we energiýa çeşmelerinden peýdalanmagy we sebitiň ekologiki durnuklylygyny üpjün etmek meselesine ileri tutýarlar.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýene bir möhüm ugry ulag we tranzit ulgamydyr. Häzirki wagtda döwletler sosial-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlaryny we taraplaryň milli bähbitlerini doly kanagatlandyryp, hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga çalyşýarlar.

Türkmen-täjik we türkmen-özbek gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýy ösmek we hyzmatdaşlygy giňeltmek islegi bilen häsiýetlendirilýär.

Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriň  Aşgabat şäherine boljak saparlarynyň döwletara gatnaşyklaryna hyzmatdaşlygy has-da berkemegine täze itergi bolar.

Aşgabatda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň sammitinde täze üçtaraplaýyn formatynda taraplaryň gyzyklandyrýan sebitleýin meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmagy özara bähbitli gatnaşyklaryň işjeňleşdirmeginde ýene bir möhüm ädim bolar.

Nazar Niýazow,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.