Ï Şaly meýdanlarynda ideg işleri guramaçylykly dowam edýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Şaly meýdanlarynda ideg işleri guramaçylykly dowam edýär

view-icon 5720

Ýurdumyzyň Lebap welaýatynda şu ýyl 10 müň 200 gektar meýdana şaly ekilip, ondan 47 müň 400 tonna şaly hasylyny almak göz öňünde tutulýar. Munuň özi her gektaryň hasyllylygynyň 47 sentnere ýakyn boljakdygyny aňladýar. Öňde goýlan sepgide ýetmek maksady bilen, welaýatyň şalyçylary häzirki günlerde hysyrdyly zähmeti talap edýän bu ekine agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda hyzmat edip, tutanýerli zähmet çekýärler.

Welaýat boýunça şaly ekiljek ýerleriň öňünden kesgitlenilmegi we köp suw hem-de yzygiderli idegi talap edýän bu ekiniň ekiş işlerine taýýarlyk işleriniň öz wagtynda we göýnejaý alnyp barylmagy hem-de ekişiň öz wagtynda guramaçylykly geçirilmegi şaly meýdanlarynda gyradeň we doly gögeriş gazanylmagyna ýardam etdi. Bu möhüm azyklyk ekinine ideg işleriniň dowamynda ekin meýdanlarynda suwuň zerur bolan derejesiniň saklanylmagy, ekine fosfor hem-de karbomid dökünleriniň öz ýagtynda, ýeterlik mukdarda berilmegi, ekin meýdanlarynyň haşal otlardan arassalanylmagy şalynyň kadaly boý almagyny üpjün edýär.

Meýilnama laýyklykda şu ýyl welaýatyň iri etraplary bolan Saýat etrabynda 3 müň 140 gektar, Çärjew etrabynda 3 müň 80 gektar, şeýle hem Dänew etrabynda 2 müň 160 gektar ýere şaly ekildi. Bu etraplaryň daýhanlary ýurdumyz boýunça bu gymmatly azyklyk ekininiň bol hasylyny ýitgisiz ýygnalmagyna mynasyp goşant goşmaga çalyşýarlar.