Paýtagtymyzda Türkmenistanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň döwlet Baştutanlary gaz we elektrik energetika pudaklarynda hyzmatdaşlyk barada ylalaşdylar.
Bu barada ýurdumyzyň paýtagtynda geçirilen üçtaraplaýyn sammitiň netijeleri boýunça kabul edilen üç döwletiň Prezidentleriniň Bilelikdäki Beýannamasynda beýan edilýär.
Resminamada taraplaryň tebigy gaz, nebit we nebit önümleri, şeýle hem elektrik energiýasy bilen üpjün edilmeginde hyzmatdaşlygyň aýratyn ähmiýeti nygtalýar.
«Şunuň bilen baglylykda, taraplar energetika babatda üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine daýanyp, nebitgaz hem-de elektrik energetikasy pudaklarynda bilelikde işlemegiň mümkinçiligine seretmek maksady bilen, 2023-nji ýylyň ikinji ýarymynda energetika pudagynyň edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde gepleşikleri geçirmek barada ylalaşdylar» diýlip, Bilelikdäki Beýannamada bellenilýär.