Ï Çagalaryň bähbitlerini göz öňünde tutup, maglumatlar binýadyny gowulandyrmak üçin maslahat geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çagalaryň bähbitlerini göz öňünde tutup, maglumatlar binýadyny gowulandyrmak üçin maslahat geçirildi

view-icon 4866
Çagalaryň bähbitlerini göz öňünde tutup, maglumatlar binýadyny gowulandyrmak üçin maslahat geçirildi

Paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasy (ÝUNISEF) bilen alternatiw ugurda we howandarlykda bolan çagalar barada administratiw maglumatlaryň ulgamlaryna baha bermek boýunça maslahaty geçirdiler.

Çärä Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň we bölümleriniň, Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimlikleriniň, şeýle hem Adalatçynyň diwanynyň wekilleri gatnaşdylar. ÝUNISEF-iň Türkmenistandaky wekiliniň orunbasary Adrian Salliwan maslahatda çykyş edip, goldawa mätäç çagalar üçin alternatiw hyzmatlara elýeterliligi üpjün etmegiň we iň zerur bähbitleri göz öňünde tutup, zerur maglumatlar binýadyny mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň möhümdigini aýtdy. 

ÝUNISEF-iň Halkara bilermeni Joanna Rojers hem-de guramanyň Ýewropadaky we Merkezi Aziýadaky sebitleýin bölüminiň hünärmeni Ýekaterina Spasowa gün tertibindäki esasy meseleler barada çykyş etdi.

Şeýle hem maslahatda alternatiw ideg düşünjesi we onuň häsiýetnamalary, milli we pudaklaýyn derejedäki degişli baha beriş mehanizmleri, şeýle hem TransMonEE-de hasabat bermek barada söhbet edildi. TransMonEE – sebitiň milli statistika bölümleri tarapyndan çagalaryň hukuklary we abadançylygy bilen baglanyşykly birnäçe ugurda maglumatlaryň ýaýramagyny, hilini, elýeterliligini we ulanylyşyny gowulandyrmak üçin bilelikdäki başlangyçdyr. 

Maslahatyň dowamynda oňa gatnaşyjylar goldawa mätäç çagalar üçin maglumat dolandyryş ulgamlaryna baha bermek we alternatiw hyzmatlara elýeterliligi üpjün etmek hem-de degişli maglumatlar binýadynyň gowulaşmagyna goşant goşmak üçin öňe gidişlik barada pikir alyşdylar.