Häzirki wagtda ýurdumyzyň Gündogar sebitinde geljek ýylyň hasyly üçin güýzlük bugdaýyň ekişine taýýarlyk işleri giňden ýaýbaňlandyrylýar.
130 müň gektar ýere tohum sepip, ak bugdaýyň bol hasylyny almagy maksat edinýän lebaply daýhanlar ekiş geçiriljek ýerlerde agrotehniki kadalara laýyklykda sürüm, tekizleýiş we çil çekmek işlerini alyp barýarlar. Bu işde welaýat boýunça kuwwatly ýer sürüji traktorlaryň, tekizleýiş hem-de çil çekmek işlerine niýetlenen oba hojalyk gurallarynyň ýüzlerçesi netijeli işledilýär.
Daýhanlar üçin örän jogapkärli möwsüm bolan bugdaý ekişiniň ýokary hil derejesinde geçirilmegi kadaly gögeriş gazanmak we ýerden bol hasyl almak üçin esasy şertleriň biridir. Hut şonuň üçin hem welaýatyň gallaçy daýhanlary sürüm işleriniň çuňlugyna, ýerleriň endigan tekizlenişine aýratyn üns berýärler. Bu ugurda kuwwatly tehnikalaryň, esasan-da ýurdumyz bilen uzak ýyllaryň dowamynda hyzmatdaşlyk edip gelýän “John Deere” kompaniýasynyň ýokary öndürijikli traktorlarynyň, oba hojalyk gurallarynyň hem-de tirkegleriniň güýjünden netijeli peýdalanylýar we işleriň gidişi hünärmenler tarapyndan aýratyn gözegçilikde saklanylýar.
Ýaňy-ýakynda bolsa Lebap welaýat oba hojalyk önümçilik birleşiginiň ygtyýaryna “John Deere” kompaniýasynyň täze tehnikalarynyň 62-si gelip gowuşdy. Bu bolsa welaýatda öňden bar bolan tehnikalaryň üstüni ýetirdi we möwsümleýin oba hojalyk işlerini bellenilen möhletlerde ýokary hilli ýerine ýetirmäge mümkinçilik berer.
Häzirki wagtda Gündogar sebitde döwrebap oba hojalyk tehnikalarynyň 1 müň 500-den gowragy işledilýär. Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem oba hojalyk ulgamynyň tehniki binýadynyň üsti yzygiderli ýetirilýär. Ýakynda welaýatyň suw hojalyk işgärleriniň ygtyýaryna hem akabalarda arassalaýyş we çuňladyş işlerini geçirmäge niýetlenen kuwwatly tehnikalaryň 33-si gelip gowuşdy. Bu bolsa ekinleri talabalaýyk agrotehniki talaplar esasynda suwarmaga, diýmek, ýerleriň hasyllylygyny has-da artdyrmaga ýardam eder.