Ï Awazada «Hazar deňzi – parahatçylyk we dostluk deňzi» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Awazada «Hazar deňzi – parahatçylyk we dostluk deňzi» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi

view-icon 4943
Awazada «Hazar deňzi – parahatçylyk we dostluk deňzi» atly ylmy-amaly maslahaty geçirildi

Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynyň ajaýyp kenarýakasynda şanly sene – Hazar deňziniň güni dabaraly bellenildi.

Bu halkara baýramçylyk her ýyl ähli kenarýaka ýurtlary, şol sanda Türkmenistan tarapyndan gol çekilen Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran konwensiýasynyň) güýje giren gününde geçirilýär. «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» şygary bilen geçýän şu ýylda bu resminamanyň gol çekilenine 20 ýyl doldy. Munuň özi Awazadaky şu günki çäreleriň ähmiýetini artdyrdy hem-de tutuşadamzat üçin ähmiýetli bolan Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek boýunça tagallalaryň işjeňleşdirilmegine nobatdaky gezek ýardam berer.

Dünýäniň täsin tebigy «merjeniniň» şanyna geçirilýän dabaralar Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň, Hazaryň deňiz gurşawynyň durnukly ösdürilmegine we goralmagyna gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna ýurdumyzyň goşýan goşandynyň ýene-de bir aýdyň beýanydyr.

Baýramçylyk çäreleriniň çäklerinde ylmy-amaly maslahat, sergi, sport ýaşlary, döredijilik bäsleşikleri, şeýle hem welaýatyň aýdym-saz toparlarynyň çykyşlary guraldy.

Mälim bolşy ýaly, tebigatyň bu täsinligi – Hazar deňzi umman gelip çykyşy bolan dünýäde iň iri içerki suw howdanydyr. Ol biziň günlerimize çenli özüniň ajaýyp gözelligini we tebigy künjekleriniň köpdürlüligini, baý ösümlik we haýwanat dünýäsini saklap gelen genji-hazynadyr. Hazar deňziniň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň köp görnüşleri endemiki, diňe şol ýere degişli bolup, sebitiň biologik köpdürlüliginiň gymmatly genofonduny düzýär.

Hazar deňziniň sebitinde ýaşaýan halklaryň, şeýle hem tutuş adamzadyň abadançylygynyň bähbidine tebigatyň beren bu peşgeşini gorap saklamak, deňziň düýbündäki uglewodorod we mineral serişdeleriň bimöçber gorlaryny rejeli peýdalanmak, türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan hem-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan üstünlikli dowam etdirilýän döwlet ekologiýa maksatnamalarynyň hem-de taslamalarynyň esasyny düzýär.

Baýramçylyk çäreleriniň maksatnamasy «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyndaky «Hasyl» myhmanhanasynda geçirilen «Hazar deňzi – parahatçylyk we dostluk deňzi» atly ylmy-amaly maslahat bilen açyldy. Maslahaty Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýardam bermeginde Daşky gurşawy goramak ministrligi hem-de Balkan welaýatynyň häkimligi gurady.

Utgaşykly görnüşde geçen foruma hökümet agzalary, Mejlisiň, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, ugurdaş düzümleriniň we ylmy jemgyýetçiliginiň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Myhmanlaryň hatarynda hazarýaka döwletleriň, şeýle hem Gruziýanyň we Rumyniýanyň Türkmenistandaky ilçihanalarynyň, abraýly halkara we sebii guramalarynyň – BMG-niň Hemişelik utgaşdyryjysynyň edarasynyň, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw baradaky maksatnamasynyň, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Aşgabatdaky merkeziniň, BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň (FAO), Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlyk jemgyýetiniň (GIZ) hem-de beýleki guramalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Forumyň öňüsyrasynda myhmanhananyň eýwanynda ýurdumyzyň tebigaty goramak ulgamynda ýeten sepgitlerini görkezýän sergi guraldy.

Foruma gatnaşyjylar Hazar goraghanasynyň tebigat muzeýiniň, Türkmenbaşy şäheriniň muzeýiniň deňiz jandarlarynyň we guşlaryň ajaýyp hem-de täsin dünýäsini beýan edýän gymmatlyklary bilen tanyşdylar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Hazar deňzi – parahatçylyk we dostluk deňzi» atly ylmy-amaly maslahata gatnaşyjylara iberen Gutlagynda Türkmenistanyň özüniň halkara derejesinde ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna ygrarly bolmak bilen, Hazar deňziniň parahatçylygyň, ylalaşygyň we hyzmatdaşlygyň deňzi bolmagy ugrunda tagallalaryny dowam etdirjekdigini aýtdy.

Nygtalyşy ýaly, Hazar deňziniň güni mynasybetli berkarar Watanymyzda dürli çäreler geçirilýär. Bu möhüm çäreleriň hatarynda ylmy maslahatlary, medeni we sport çärelerini görkezmek bolar. Şeýle dabaralaryň geçirilmegi ýurdumyzda bu şanly senä möhüm ähmiýet berilýändiginiň aýdyň mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagy foruma gatnaşyjylar tarapyndan şowhunly el-çarpyşmalar bilen garşylandy.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan häzirki we geljekki nesilleriň bähbidine ählumumy ekologiýa meselelerini, şol sanda Hazar deňzi bilen baglanyşykly meseleleri netijeli çözmek başlangyçlary bilen çykyş edýär. Ýurdumyz bu ugurda parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk, milli we umumy bähbitleri nazara almak, sebitde deňhukukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk, hazarýaka döwletleriň köpasyrlyk taryhy-medeni gatnaşyklar bilen baglanyşan halklarynyň arasynda dost-doganlygy pugtalandyrmak, ýörelgelerine esaslanýan syýasaty amala aşyrýar.

Foruma gatnaşyjylar Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça, şol sanda Hazar ekologiýa maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde alyp barýan halkara hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryna syn bermek bilen, bäş hazarýaka döwletleriniň hökümetleri tarapyndan tassyklanan Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň (Tähran konwensiýasynyň) Hazar ekologiýa maksatnamasynyň möhüm üstünligi bolandygyny bellediler. 20 ýyl ozal bu resminamanyň esasyna goýlan halkara-hukuk binýady häzirki günde Hazar meselesiniň dürli ugurlaryny kadalaşdyrmaga gönükdirilen täze hukuk namalarynyň işlenilip taýýarlanylmagynda we kabul edilmeginde öz beýany tapýar.

Şeýle hem Türkmenistanda Hazar deňziniň kenarýaka zolagynyň tebigatyny goramak boýunça çäreleri düzgünleşdirýän birnäçe resminamalar, şol sanda BMG-niň suwda ýüzýän guşlaryň ýaşaýan mesgeni hökmünde halkara ähmiýete eýe bolan Suw-batgalyk meýdanlary hakynda konwensiýasy (Ramsar konwensiýasy) kabul edildi.

Ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň hem-de beýleki iri forumlaryň münberinden beýan eden hem-de daşky gurşawy goramak, suw-energetika serişdelerini rejeli peýdalanmak we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek meselelerini çözmäge, Hazar deňziniň ekologiýasyny goramagyň ygtybarly ulgamyny döretmäge gönükdirilen netijeli başlangyçlary halkara bileleşiginiň giň goldawyna eýe bolýar.

Şunuň bilen baglylykda, Nýu-Ýork şäherinde 2023-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda öz işine başlaýan BMG-niň Baş Assambleýasynyň nobatdaky 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň öňe sürýän Ileri tutýan garaýyşlarynyň ähmiýeti nygtaldy. Şolaryň hatarynla Hazar deňziniň daşky gurşawyny, onuň bioserişdelerini gorap saklamak, şeýle hem birnäçe ekologiýa meselelerini çözmek bilen baglanyşykly wezipeleriň giň toplumy boýunça hyzmatdaşlyk etmäge halkara meýdança boljak «Hazar ekologiýa başlangyjyny» döretmek baradaky teklip bar.

Şunuň bilen birlikde, Türkmenistan BMG-niň Howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini hem-de ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýada suw serişdelerini peýdalanmak meseleleri boýunça Sebit Geňeşini döretmek baradaky başlangyçlaryny durmuşa geçirmek ugrunda işleri dowam etdirýär.

Ýurdumyzyň başlangyjy boýunça döredilen hem-de daşary işler minisrlikleriniň howandarlygynda hereket edýän Hazarýaka döwletleriň ýörite ygtyýarly wekilleriniň derejesindäki yzygiderli geňeşmeleriň mehanizmi Hazar deňzinde netijeli syýasy dialogyň täze görnüşlerini işläp taýýarlamakda uly ähmiýete eýedir.

Çäk taýdan amatly ýerleşmegi, uglewodorod we beýleki tebigy serişdeleriň baý gorlary, oňaýly howa şertleri Hazar deňzi sebitiniň häzirki günde ösen senagat, ulag we şypahana merkezine öwrülmegine mümkinçilik berdi.

Şunuň bilen baglylykda, köp möhüm ugurlarda, şol sanda Hazar deňziniň bioserişdelerini gorap saklamak, artdyrmak we peýdalanmak, söwda gämi gatnawlary, syýahatçylygy ösdürmek, şeýle hem Hazar deňziniň düýbüniň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek hem-de peýdalanmak boýunça hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagy aýratyn ähmiýete eýedir.

Hazarýaka döwletleriň ilçihanalarynyň wekilleriniň çykyşlarynda häzirki günde sebitde hyzmatdaşlyk etmegiň hem-de howpsuzlyk, ykdysadyýet, ekologiýa we tebigy serişdelerden peýdalanmak meseleleriniň giň toplumyny öz içine alýan şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň kemala gelendigi nygtaldy. Bellenilişi ýaly, deňizde hyzmatdaşlyk etmegiň möhüm meselelerine degişli birnäçe bäştaraplaýyn pudak resminamalarynyň taslamalary işlenilip taýýarlanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, häzirki wagt Hazarýaka döwletleriniň deňizde ýüzmegiň howpsuzlygyny üpjün etmekde, gözlemek we halas etmek, bikanun awçylyga garşy göreşmek, ylym we medeniýet ulgamynda gatnaşyk etmek babatda hyzmatdaşlyk hakynda resminamalaryň üstünde işleýändikleri nygtaldy.

Taryhy we medeni çeşmeleri açyp görkezýän, ylym we bilim maksatnamalaryny, syýahatçylyk we sport çärelerini öňe sürýän bilelikdäki ynsanperwer taslamalar, şeýle hem ýaş nesillere daşky gurşaw barada alada etmek endiklerini terbiýelenýän ekologiýa maksatly çäreler Hazar deňzini gorap saklamagyň özboluşly goldawyna öwrülip biler diýip, maslahata gatnaşyjylar aýtdylar.

Bu ýere ýygnananlar Hazar deňziniň durnukly ösüşiniň tebigy ekoulgamyň daşky gurşawyň durnuklylygyny kepillendirýän derejesine çenli yzygiderli ýetirmegiň Hazarýaka döwletleriniň ählisiniň bilelikdäki tagallalary netijesinde mümkinçiligi barada bir pikiri beýan etdiler. Şol döwletler geçen ýyllaryň dowamynda Hazar bilen baglanyşykly ähli ugurlary gurşap almaga gönükdirilen meseleleri bilelikde çözmäge sazlaşykly çemeleşmelerini hem-de hukuk resminamalaryny ylalaşmaga, kabul etmäge taýýardyklaryny görkezdiler.

Hazaryň kenarynda dünýä derejesindäki şypahana toplumyny – «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyny döretmek taslamasyny maslahata gatnaşyjylar ýokary baha berdiler. Bu dynç alyş künjegi sebitiň mineral-çigmal, biologiýa, şypahana-dynç alyş we syýahatçylyk mümkinçiligini peýdalanmaga toplumlaýyn hem-de oýlanyşykly çemeleşmegiň nusgasy bolup hyzmat edýär.

Hazaryň kenar ýakasynda gurulýan şypahanalaryň we myhmanhanalaryň, şeýle hem senagat kärhanalarynyň esasy alamatlarynyň biri olaryň ekologiýa howpsuzlygynyň halkara ölçeglerine laýyk gelýändiginden ybaratdyr. Kenar ýakasynda alnyp barylýan giň gerimli bagy-bossanlyga büremek ugrundaky işler hem ekologiýa ugruny gurşap alýar. Şol ýerlerde bagy-bossanlyklar döredilýär, täze seýilgäh zolaklary, dynç alýanlaryň saglygyna oňyn täsir edýän has amatly howa gurşawy emele gelýär.

Foruma gatnaşyjylar onuň netijelerini jemläp, Hazar deňzi sebitinde parahatçylygy, hyzmatdaşlygy we ynanyşmagy saklamagyň möhümdigi barada gyzyklanma bildirýän ählitaraplaryň garaýyşlarynyň birdigini nygtap, Hazaryň ygtybarly ekologiýa goraglylygyny üpjün etmek hem-de onuň umumy abadançylygyň we rowaçlygyň bähbitlerine laýyk gelýän kuwwatyny ösdürmek işinde halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak babatda pikirlerini beýan etdiler.

Bu ýere ýygnananlar maslahaty geçirmek üçin döredilen ajaýyp şertler, şeýle hem tebigaty goramak we Hazar deňziniň daşky gurşawyny gorap saklamak baradaky ýadawsyz aladalary üçin Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hoşallyk sözlerini aýtdylar.