Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Koreýa Respublikasynyň ýolbaşçylaryny gutlady

view-icon 1990

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýola we Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýo Koreýa Respublikasynyň milli baýramy — Azat ediş güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň yzygiderli pugtalanýandygy we kämilleşýändigi guwandyryjydyr» diýip, Gahryman Arkadagymyz belledi hem-de bu gatnaşyklaryň halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine, has-de pugtalandyryljakdygyna berk ynam bildirdi. Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň ýolbaşçysynyň ýakynda ýurdumyza amala aşyran sapary hem gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna täze itergi berdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Ýun Sok Ýola we Milli Assambleýanyň Başlygy Kim Çžin Pýo berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Koreýa Respublikasynyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de öňe gitmegi hem-de rowaçlyk arzuw etdi.