Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Wengriýa ugrady. Budapeşte çenli uçuşy amala aşyryp, Prezidentimiziň uçary Wengriýanyň paýtagtynyň «Ferens List» Halkara howa menzilinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy resmi wekiller garşyladylar.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow iş saparynyň dowamynda Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban bilen duşuşar we onuň dowamynda dürli ugurlardaky türkmen-wenger gatnaşyklaryny ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.
Döwletleriň söwda-ykdysady ugurda, haryt dolanyşygynyň möçberini köpeltmekde we beýleki düzümleriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmekde ikitraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň giň mümkinçilikleriniň bardygyny bellemek gerek. Hyzmatdaşlygyň geljegi uly bolan ugurlaryň hatarynda energetika we ulag-aragatnaşyk ugurlary hem görkezmek bolar.
Şeýle hem, Türkmenistanyň Prezidenti Budapeştde geçiriljek ýeňil atletika boýunça dünýä çempionatynyň hormatly myhmany bolar.