Ï Türkmenistanyň Prezidenti we Wengriýanyň Premýer-ministri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşi barada pikir alyşdylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Prezidenti we Wengriýanyň Premýer-ministri ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşi barada pikir alyşdylar

view-icon 5185

Budapeştde iş sapary bilen bolýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösüşi barada pikir alyşdylar.

Energetika, ulag, senagat, derman senagaty, oba hojalygy we beýleki birnäçe pudaklar hem hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Şunuň bilen birlikde, türkmen-wenger ynsanperwer gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, sport ulgamynda özara peýdaly hyzmatdaşlygy höweslendirmek däp bolan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň many-mazmunyny baýlaşdyrmaga ýardam eder.