Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Wengriýanyň ýolbaşçylaryny gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Wengriýanyň ýolbaşçylaryny gutlady

view-icon 5377

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýanyň Prezidenti hanym Katalin Nowaga hem-de Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbana Wengriýanyň Milli baýramy — Keramatly Stefanyň güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we arzuwlaryny iberdi.

Gahryman Arkadagymyz ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ýokary derejesini kanagatlanma bilen belläp, bu gatnaşyklaryň geljekde hem giň ugurlar boýunça okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Katalin Nowaga hem-de Premýer-ministr Wiktor Orbana berk jan saglyk, jogapkärli döwlet işlerinde we ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri, Wengriýanyň halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, ösüş arzuw etdi.