2023-nji ýylyň 7-31-nji awgusty aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ženewa şäherindäki edarasynda Jynsy kemsitmeleri ýok etmek boýunça komitetiniň 110-nji mejlisi öz işini dowam edýär.
Ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň habar berişi ýaly, şu ýylyň 21-22-nji awgustynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalan mejlisiň işine gatnaşýar.
Mejlisiň birinji gününiň dowamynda Jynsy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky halkara konwensiýasynyň düzgünleriniň ýerine ýetirilişi bilen bagly birnäçe meseleleri öňe sürüldi.
Türkmenistanyň wekiliýeti öz çykyşlarynyň dowamynda türkmen jemgyýetinde syýasy, ykdysady, hukuk we medeni-durmuş ugurlary boýunça bar bolan oňyn üýtgeşmeler barada giňişleýin maglumatlary berdi.
Şeýle hem, çykyşlaryň dowamynda türkmen tarapynyň jynsy kemsitmeleri berk ýazgarýandygy we yzygiderli esasda milletara sazlaşygyny üpjün etmek, jyns, taýpa, millet ýa-da etniki gelip çykyşyna esaslanýan çäklendirmeleriň ýa-da artykmaçlyklaryň öňüni almak ugrunda degişli işleri alyp barýandygy barada bellenilip geçildi.
Jynsy taýdan kemsitmeleri ýok etmek meselesinde Türkmenistan Jynsy kemsitmeleriň ähli görnüşlerini ýok etmek baradaky halkara konwensiýasynyň ýörelgelerinden, Durban Jarnamasyndan hem-de Hereketleriň Maksatnamasyndan ugur alýandygy bellenildi. Milli derejede bu ýörelgeler kanunçylygy kämilleşdirmekde hem, hukuk goraýjy tejribäni durmuşa geçirmekde hem goldanýar we göz öňünde tutulýandygy aýdyldy.