Ï Türkmenistan — BMG: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan — BMG: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine hyzmatdaşlyk

view-icon 4866

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we deňhukukly netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirýär.

Ýurdumyz sebit we halkara hyzmatdaşlyk meselelerine jogapkärli çemeleşmeleri görkezmek bilen, häzirki döwrüň wajyp wezipelerini işläp taýýarlamak boýunça tagallalary utgaşdyrmaga uly goşant goşýar. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasy bilen köpugurly gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berilýär. Bu gatnaşyklar bolsa strategik häsiýete eýedir.

Ýurdumyzyň daşary syýasatynyň döredijilikli ýörelgeleri Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ileri tutýan garaýyşlarynda öz beýanyny tapdy. Şol sessiýada döwletimiziň ählumumy ösüşiň esasy ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga we giňeltmäge gönükdirilen täze başlangyçlary beýan ediler.

Parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek meseleleri şolaryň hatarynda möhüm orun eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan howpsuzlygyň bitewüligi, onuň dürli ugurlarynyň bölünmezligi we özara baglanyşyklylygy ýörelgesine eýerýär. BMG-niň strategik wezipeleriniň ählisini ýerine ýetirmegiň, şol sanda Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmegiň möhüm şerti hökmünde oňyn çözgütlere çykmak hem-de ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek üçin Birleşen Milletler Guramasynyň kuwwatyndan, onuň syýasy-diplomatik gurallaryndan we belent abraýyndan has netijeli peýdalanmak ugrunda çykyş edýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki sessiýasynyň dowamynda alyp barjak işinde Türkmenistan bitaraplyk, goşulyşmazlyk, gapma-garşylyklaryň parahatçylykly, syýasy ýollar arkaly çözülmegine ygrarlylyk ýörelgelerinden ugur alar.

Mälim bolşy ýaly, ýurdumyz BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynda berkidilen parahatçylyk döredijilikli möhüm başlangyçlaryň, şol sanda 2023-nji ýyly «Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjyň awtory bolup durýar. Bu başlangyç dünýäniň halklarynyň parahatçylykly, özara ynanyşykly ýaşamagynyň däplerini pugtalandyrmak boýunça tagallalary birleşdirmäge, ählumumy wehimlere jogap bermek, bar bolan meseleleri çözmek hem-de geljekki nesiller üçin abadan geljegi gurmak babatda dialogyň we hyzmatdaşlygyň esasynda bilelikdäki işe gönükdirilendir.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň sentýabr aýynda Nýu-Ýorkda açylýan nobatdaky sessiýasynda Türkmenistan BMG-niň Tertipnamasynyň ýörelgeleri we halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalary esasynda, ählumumy ösüşiň möhüm ýagdaýlarydyr meýillerini nazara almak bilen, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga girişmegi teklip edýär.

Ýurdumyz ählumumy howpsuzlygy gazanmak maksady bilen, BMG-niň işiniň sebit bilen bagly bolmagynyň zerurdygyndan ugur alýar. Munuň özi bilelikdäki işiň anyk bolmagyna, onuň netijeliliginiň ýokarlandyrylmagyna ýardam etmelidir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen goňşy zolaklarda Howpsuzlyk boýunça maslahaty döretmek başlangyjy bilen çykyş edip, onuň birinji duşuşygyny 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmäge taýýardygyny beýan edýär.

Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen 2022-nji ýylyň 28-nji iýulynda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasyndan ugur alnyp, ýurdumyz tarapyndan Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny ilerletmek hem-de ösdürmek boýunça mundan beýläk-de netijeli çäreler görler.

Häzirki döwrüň wehimlerine we howplaryna garşy durmak boýunça tagallalary birleşdirmek bilen baglylykda, Türkmenistan terrorçylyga garşy göreşmek ulgamynda bilim bermek işini ösdürmegiň, şol sanda degişli maksatnamalary ornaşdyrmagyň, okuw meýilnamalaryny işläp taýýarlamagyň, aň-bilim işlerini kämilleşdirmegiň, medeniýetleriň arasynda dialogy pugtalandyrmagyň zerurdygyny belleýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirligi bilen BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň binýadynda Merkezi Aziýa üçin Terrorçylyga garşy göreşmek maksatnamasyny döretmek boýunça işleri dowam etdirer.

Sebit möçberinde durnuklylygy gorap saklamak we pugtalandyrmak ählumumy howpsuzlygy üpjün etmegiň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Bu ugurda Türkmenistanyň ileri tutýan garaýyşlarynda Owganystanda parahatçylygy hem-de ylalaşygy gazanmaga ýardam bermek, şol sanda goňşy ýurda ykdysady we ynsanperwerlik kömegini bermek halkara gün tertibiniň möhüm meseleleriniň biridir.

Häzirki döwrüň ýagdaýlary bilen baglylykda, türkmen Bitaraplygynyň möhüm orny hem-de onuň mümkinçilikleriniň zerurdygy ýene-de bir gezek tassyklanylýar. Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparynyň döredilmegi munuň aýdyň mysallarynyň biridir. Bu topar ýurdumyzyň başlangyjy boýunça BMG-niň binýadynda döredildi we ol sebit hem-de ählumumy hyzmatdaşlygyň dürli meseleleri boýunça netijeli pikir alyşmak üçin açyk meýdança öwrüler.

Häzirki wagtda Bitaraplygyň dostlarynyň toparyna 20-den gowrak döwlet goşuldy. Şolaryň hatarynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji we 2015-nji ýyllarda kabul edilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy», degişlilikde, 2017-nji we 2020-nji ýyllarda kabul edilen «Halkara Bitaraplyk güni» hem-de «Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy saklamakda we pugtalandyrmakda hem-de durnukly ösüş işinde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti» atly Kararnamalarynyň awtordaşlary bolan ýurtlar bar.

Bu köptaraply dialogyň çäklerinde duşuşyklaryň yzygiderli geçirilmegi halkara gatnaşyklarda Bitaraplyk ýörelgelerini ilerletmek, ählumumy abadançylygyň bähbidine netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin durnukly syýasy-diplomatik guraly işläp taýýarlamaga ýardam edýär.

2020-nji ýylyň awgustynda Nýu-Ýorkda toparyň ilçileri derejesinde birinji mejlis geçirildi. Onda BMG-niň Tertipnamasynda berkidilen ýörelgelere ygrarlylyk tassyklanyldy. Şeýle hem 2022-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Aşgabatda Bitaraplygyň dostlary toparynyň birinji ministrler duşuşygy geçirildi. Toparyň işiniň görnüşini we usullaryny berkidýän Jemleýji Jarnama Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde şu ýylyň mart aýynda çap edildi.

Bu birleşmäniň çäklerinde köptaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek babatda BMG-niň Baş Assambleýasynyň öňümizdäki sessiýasynyň barşynda Türkmenistan tarapyndan 2023-nji ýylyň dekabr aýynda Aşgabatda Bitaraplygyň dostlary toparynyň ýokary derejedäki nobatdaky duşuşygyny guramak teklip ediler. Onuň maksady türkmen paýtagtynda 2024-nji ýylyň dekabrynda ýokarda agzalan toparyň halkara maslahatyny geçirmekden ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz Aşgabatda Bitaraplyk we howpsuzlyk institutyny döretmek mümkinçiligine garamagy göz öňünde tutýar. Bu institut Bitaraplyk hem-de onuň bilen baglanyşykly meseleler boýunça ylmy işleri we barlaglary geçirmek üçin meýdança hökmünde hyzmat edip biler.

Halkara gatnaşyklarda durnuklylygy üpjün etmek, parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetini pugtalandyrmak Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasatynda möhüm ugur bolup durýar. Ýurdumyz bu ugurda yzygiderli çäreleri durmuşa geçirmek bilen, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, umumydünýä wehimlerine netijeli garşy durmak boýunça tagallalary birleşdirmek işinde Bitaraplygyň gurallaryndan we mümkinçiliklerinden işjeň peýdalanmagy teklip edýär. Şunda ýurdumyzyň daşary syýasatynyň binýady hökmünde Bitaraplygy seçip almakda türkmen halkynyň baý taryhy tejribesiniň möhüm ähmiýete eýe bolandygyny bellemek gerek. Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak, dostluk, açyklyk hemişe halkymyzyň özboluşlylygynyň esasyny düzüpdi.

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň aýratynlygy onuň döredijilikli işden ybaratdygy bilen baglanyşyklydyr. Bu iş täze pikirler we iş ýüzündäki tejribeler bilen baýlaşdyrylýar, üýtgäp durýan şertlere, ýüze çykýan çagyryşlara uýgunlaşýar. Ýöne onuň döredijilikli, ynsanperwer häsiýeti üýtgewsiz bolmagynda galýar.

Häzirki wagtda ýurdumyzyň Bitaraplyk syýasaty sebit we ählumumy howpsuzlygyň we durnuklylygyň möhüm şerti hökmünde çykyş edýär. Öňüni alyş diplomatiýasy bolsa Türkmenistanyň Bitaraplygynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň çözgüdine laýyklykda, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň hem-de Howpsuzlyk Geňeşine agza döwletleriň goldaw bermeginde 2007-nji ýylda Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Mälim bolşy ýaly, bu merkezi döretmek başlangyjy türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa degişlidir. Gahryman Arkadagymyz dünýäniň strategik taýdan möhüm sebitinde hyzmatdaşlygyň düýbünden täze nusgasyny döretmek işiniň başyny başlady. BMG we sebit birleşikleri, şeýle hem Merkezi Aziýanyň döwletleri tarapyndan şeýle merkeziň zerurdygyna we maksadalaýykdygyna düşünilmegi bu başlangyjyň durmuşa geçirilmegine ýardam etdi. Şeýlelikde, sebitiň taryhynda ilkinji gezek şunuň ýaly hemişelik hereket edýän iş guramasy peýda boldy. Ol netijeli syýasy dialogy ilerletmäge, BMG-niň syýasy-hukuk gurallaryna we ägirt uly abraýyna daýanmak bilen, ylalaşyklary, çözgütleri işläp taýýarlamakda özara gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär.

Tejribäniň görkezişi ýaly, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň açylmagy öz wagtynda ädilen we öňdengörüjilikli ädim boldy. Merkeziň işi halkara bileleşik tarapyndan ýokary baha mynasyp boldy. BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi 15 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda özüni häzirki döwrüň derwaýys meseleleriniň köpüsini çözmekde Birleşen Milletler Guramasynyň ulgamyny Merkezi Aziýanyň ýurtlary bilen baglanyşdyrýan netijeli binýat hökmünde görkezdi.

Şu ýyllaryň dowamynda Türkmenistan bu merkez bilen netijeli hyzmatdaşlyk edip, onuň işine hemmetaraplaýyn goldaw berip gelýär. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen, 2017-nji we 2021-nji ýyllarda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň orny atly Kararnamalarynyň kabul edilmegi BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň halkara hukuk esaslarynyň pugtalandyrylmagy, onuň kuwwatyndan netijeli peýdalanylmagy babatda möhüm ähmiýetli waka boldy.

Häzirki wagtda sebit merkeziniň binýadynda hyzmatdaşlygyň täze görnüşleri, şol sanda Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa döwletleriniň suw-energetika hyzmatdaşlygynyň hukuk meseleleri boýunça maksatnamalaýyn iş topary we beýlekiler döredildi hem-de üstünlikli hereket edýär. Türkmenistan netijeli sebit hyzmatdaşlygy üçin amatly şertleri döretmäge ýardam edip, mundan beýläk hem BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi bilen işjeň gatnaşyk etmegi göz öňünde tutýar.

Türkmenistanyň durmuşa geçirýän oňyn Bitaraplyk syýasaty köptaraply diplomatiýany, şol sanda ykdysady, energetika, ulag, suw, ylym-bilim, medeni, ynsanperwer, parlament, lukmançylyk, ekologiýa, ýaşlar, sport diplomatiýasyny ilerletmek üçin giň mümkinçilikleri şertlendirýär. Munuň özi döwletleriň we halklaryň arasyndaky özara düşünişmegi, dostluk we ynanyşmak gatnaşyklaryny pugtalandyrmaga, dürli ulgamlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmäge ýardam edýär.

Ynsanperwer ulgam babatda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogynyň işini giňeltmek maksady bilen, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Dünýä gurluşygy boýunça komissiýasy, «BMG — Zenanlar» düzümi ýaly edaralary we beýlekiler bilen «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmek boýunça Dialogyň yzygiderli geňeşmeleriniň mehanizmini döretmek baradaky teklip öňe sürler.

Mundan başga-da, maglumatlary we iň gowy tejribeleri alyşmak, bilelikdäki çäreleri geçirmek üçin binýatlary döretmek arkaly Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň dialogynyň we dünýäniň beýleki sebitlerinde hereket edýän şeýle guramalaryň arasynda sebitara hyzmatdaşlygy ösdürmek maksadalaýyk hasaplanylýar.

Şunuň bilen birlikde, sebitiň döwletleriniň arasynda mundan beýläk-de parahatçylykly, dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmak üçin Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň arasyndaky köptaraplaýyn dialogyň ösdürilmegine ýardam bermek maksady bilen, şu ýyl Türkmenistanda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýaşlarynyň dialogynyň esaslandyryjy mejlisini geçirmek teklip ediler.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasyndaky ileri tutýan garaýyşlary, öňe sürýän täze başlangyçlary Watanymyzyň halkara hukuk kadalaryna, Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitarap döwlet hukuk ýagdaýyna hem-de giň netijeli gatnaşyklara berk ygrarlydygyna şaýatlyk edýär. Hut şunda Türkmenistanyň sebit we ählumumy gün tertibiniň möhüm meselelerini çözmekde mundan beýläk-de tagallalary utgaşdyrmaga, hoşmeýilli erk-islegiň, ynsanperwerlik ýörelgeleriniň we döredijilikli hyzmatdaşlygyň esasynda şolar boýunça bilelikdäki jogapkärli çemeleşmeleri işläp taýýarlamaga taýýardygy tassyklanylýar.