Şu gün, 2023-nji ýylyň 26-njy awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Ýurdumyzyň DIM-niň habar berişi ýaly, duşuşyga Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, ugurdaş ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň gün tertibiniň çäklerinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýetine goşulmagy bilen bagly, hem-de Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubyny döretmek boýunça öňde duran, amala aşyrylmaly işler barada hasabatlar diňlenildi.
Mejlise gatnaşyjylar Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynda «Ahalteke atlary – parahatçylygyň ilçileri» atly ÝUNESKO klubyny döretmek biziň ýurdumyzyň «Ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däpleri» atly milli hödürnamamyzyň biziň ýurdumyzyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi ugrunda amala aşyrýan işleriniň logiki dowamy bolar diýip belläp geçdiler.
Şeýle-de, mejlisde «Türkmenistanyň ýaşlarynyň halkara hyzmatdaşlygynyň 2023-2030-njy ýyllar üçin Strategiýasynda» kesgitlenen ugurlaryň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä ýaşlar jemgyýeti bilen işjeň hyzmatdaşlygyň çäklerinde amala aşyrylmaly işler barada durup geçildi.