Ï Birinji synp okuwçylaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan «Bilimli» atly kompýuterler dabaraly ýagdaýda sowgat berler
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Birinji synp okuwçylaryna Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan «Bilimli» atly kompýuterler dabaraly ýagdaýda sowgat berler

view-icon 5806

Bilimler we talyp ýaşlar gününde ýurdumyzyň orta mekdepleriniň birinji synpyna okuwa gelen çagalara «Bilimli» atly kompýuterler dabaraly ýagdaýda sowgat berler. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň ýakynda geçirilen mejlisinde bu barada degişli görkezme berdi.

Şeýlelik bilen, täze 2023-2024-nji okuw ýylynyň başyndan başlap, birinji synp okuwçylary ýurdumyzda öndürilen «Bilimli» atly kompýuterleriň döwrebap görnüşlerinde kompýuter sowadyny öwrenip başlarlar.

«Bilimli» atly kompýuter görnüşleriniň esasy aýratynlygy onuň içine «Aýdyň gijeler» HJ-niň hünärmenleri tarapyndan işlenip düzülen 11 sany bilim maksatnamasynyň oturdylanlygydyr. Türkmen, rus we iňlis dillerinde elýeterli bolan bilim maksatnamalary çagalara dürli endikleri ösdürmäge we täze bilim almaga mümkinçilik berýär.

«Bilimli» atly kompýuterleri kuwwatly prosessor, sygymy uly operatiw ýat we çalt grafika bilen enjamlaşdyrylypdyr, bu bolsa dürli işi haýal-ýagalsyz ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär.

Başlangyç synp okuwçylary üçin maglumat tehnologiýalary mundan buýanky okuw üçin özboluşly esas bolup hyzmat edýär. Çagalar kompýuterde işlemegi höwes bilen we çalt öwrenýärler. Üstesine-de, okuw maksatnamalarynda birinji synp okuwçylaryna dürli dersler boýunça bilimlerini ýokarlandyrmaga kömek etjek interaktiw sapaklar, tabşyryklar we barlag işleri bar.