Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahime, Malaýziýanyň XVI Ýokary Baştutany Al-Sultan Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billa Şah ibni Sultan Hajy Ahmad Şah Al-Mustain Billa we ýurduň ähli halkyna Malaýziýanyň Milli güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny iberdi.
“Biz ýurtlarymyzyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýäris” diýip, döwlet Baştutanymyz gutlag hatynda belledi hem-de bu gatnaşyklaryň iki döwletiň halklarynyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine berk ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Premýer-ministr Anwar Ibrahime we XVI Ýokary Baştutan Al-Sultan Abdulla Riaýatuddin Al-Mustafa Billa Şah ibni Sultan Hajy Ahmad Şah Al-Mustain Billa tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Malaýziýanyň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi.