2023-nji ýylyň 30-njy awgustynda ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi.
Ýurdumyzyň DIM-niň web-saýtynda habar berilişi ýaly, duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar.
Gün tertibiniň çäginde Toparyň şu ýylky iş Meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de mejlisiň dowamynda ýakynda geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy çäreler barada pikir alyşyldy.