Ï Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

view-icon 3881

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe hem-de ýurduň ähli doganlyk halkyna Özbegistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

«Özbegistan geçen ýyllaryň dowamynda döwlet ösüşinde uly üstünlikleri gazandy. Häzirki wagtda ýurduň durmuş-ykdysady ösüşine we halkyň hal-ýagdaýyny yzygiderli gowulandyrmaga gönükdirilen ägirt uly özgertmeler geçirilýär» diýlip hatda bellenilýär.

Gahryman Arkadagymyz Türkmenistan hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça ýola goýlan gatnaşyklaryň täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belläp, Türkmenistanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklara aýratyn ähmiýet berýändigini, şeýle hem ony hil taýdan has ýokary derejä çykarmaga taýýardygyny tassyklady.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Prezident Şawkat Mirziýoýewe berk jan saglyk, bagtyýarlyk we jogapkärli wezipesinde üstünlikleri, Özbegistan Respublikasynyň doganlyk halkyna bolsa parahatçylyk, öňegidişlik hem-de mundan beýläk-de gülläp ösüş arzuw etdi.